Emeli aň adam beýnisiniň tolkunlary esasynda şekilleri döretdi

  • 24.12.2023 14:17
  • 4.7k+

Ýapon alymlary adam beýnisiniň signallaryny gaýtadan işlemegiň esasynda şekil döredip bilýän tehnologiýany döretdiler. Bu generatiw emeli aňyň kömegi bilen mümkin boldy.

Synagyň çäklerinde Milli kwant ylymlary we tehnologiýalar institutynyň topary synag edilýänler obýektleriň şekillerine seredenlerinde, olaryň beýnisinde döreýän signallaryny ýüze çykardylar. Olara 1200 töweregi surat görkezildi. Olaryň beýnisiniň işjeňligi funksional magnit-rezonans tomografiýasy (MRT) arkaly derňeldi. Mundan başga-da, suratlar emeli aňyň maglumatlar bazasyna ýüklendi. Ulgam şekilleri adam beýnisinden gelýän signallar bilen baglanyşdyrdy.
Alnan netijelere görä, leopardyň şekili hakykata iň ýakyny boldy. Onuň agzyny, gulaklaryny we tegmilli reňkini görmek bolýardy. Alymlaryň bellemeklerine görä, şeýle tehnologiýa aragatnaşyk enjamlaryny döretmek, şeýle hem galýusinasiýalaryň we düýşleriň mehanizmlerine düşünmek üçin peýdalanylyp bilner.


21.06.2026 16:10
3.7k+

ABŞ-a we Hytaýa jogap: ÝB 400 mlrd parametrli özbaşdak EA dil modeliniň döredilmegini maliýeleşdirer

Ýewrokomissiýa fewral aýynda badalga berlen «Frontier AI Grand Challenge» bäsleşiginiň jemlerini yglan etdi. Italiýanyň Domyn IT-kompaniýasynyň ýolbaş-çylygyndaky «Europa» konsorsiumy bu bäsleşigiň ýeňijisi......

19.06.2026 18:36
1k+

ABŞ-nyň hökümeti Anthropic-iň iki EA modeliniň işini gadagan etdi

Anthropic kompaniýasy ABŞ-nyň häkimiýetlerinden daşary ýurt raýatlarynyň bu ulgamlary ulanmagyny çäklendirýän görkezmäni alandan soň, Fable 5 we Mythos 5 modellerine elýeterliligi bes edendigini habar berdi....

18.06.2026 22:43
1.3k+

DeepSeek Hytaýyň iň gymmat emeli aň startapyna öwrüldi

Hytaýyň DeepSeek startapy maliýeleşdirmegiň birinji tapgyryny tamamlap, 50 milliard ýuandan (takmynan 7,4 milliard dollar) gowrak serişde çekdi we bazarda 50 milliard dollardan ýokary bahany aldy....

15.06.2026 15:53
1.2k+

Britaniýalylar EA derman serişdelerini döretmäge kömek etjek trillion genli «kartany» taýýarlaýarlar

Britaniýanyň Basecamp Research kompaniýasy «Trillion Gene Atlas» atly täze taslama badalga berlendigini mälim etdi. Bu taslama mundan ozal hiç hili öwrenilmän galan 100 milliondan gowrak dürli görnüşli......