Arkadag şäherindäki Çagalar sagaldyş-dikeldiş merkezinde bejergi alan çagalar barada maglumat

  • 24.12.2023 10:12
  • 13k+

Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Çagalar sagaldyş-dikeldiş merkezinde, jemi bejergi üçin ýüz tutan 274 çagadan 212 çaga kabul edilip, toplumlaýyn saglygy-dikeldiş bejergisi geçirildi. Bu barada Merkeziň direktory M.Öküzowa Gaznanayň müdiriýetiniň mejlisinde habar berdi. Muny «Watan» habarlar gepleşigi ýetirdi.

Häzirki wagtda 34 çaga sagaldyş-dikeldiş bejergisini alýar. Çagalaryň aglaba köpüsinde esasy keseliniň gaýryüzülmeleri bolan sözleýiş we hereket ösüşden yza galyşlar bolup, geçirilen ýokary derejeli bejergiler ýokary netijeleri berdi.
Merkezde bejergi alan çagalaryň arasynda sözleýiş taýdan yza galýan jemi 85 çaga bolup, olaryň 45-sinde söz we ses goýuldy. Serebral ysmaz keselli jemi 113 çagany 65-siniň bejeriş-sagaldyş bedenterbiýe bejergisini almagy bilen olaryň elleriniň hereket we aýaklarynyň ýöremek endikleri dikeldildi.
Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky çagalar sagaldyş-dikeldiş merkeziniň çagalar bagyna kabul edilen 58 çaganyň 18-si dürli kesel kesgitlemeleri bilen we 40-sy sagdyn çagalardyr.
Merkezde dünýäniň öňdebaryjy önüm öndürijileriniň iň täze we seýrek görnüşli ýokary tehnologiýaly enjamlary oturdyldy. Merkezde ornaşdyrylan, Şweýsariýada öndürilen “Lokomat Pro 6 PE” enjamy - ýörite sagaldyş-dikeldiş maksatly toplum bolup, ol ysmazly çagalarda we beýleki daýanç-hereket ediş ulgamynyň nogsanlyklarynda ýöremek endigini öwretmäge we gaýtadan dikeltmäge niýetlenendir.
Belläp geçsek, bu merkez 2023-nji ýylyň iýun aýynyň 29-na açylyp ulanylmaga berildi.


şu gün 12:32
3.4k+

Tomsuň jöwzasynda özüňi goramagyň düzgünleri: türkmen lukmanlarynyň maslahatlary

Tomus möwsümi saglyga aýratyn üns berilmegini talap edýär. Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Saglygy goraýşyň habarlar merkezi tomus möwsümini howpsuz geçirmegiň düzgünlerini......

09.06.2026 23:14
7.4k+

Meşhurlaryň halap geýýän köwşi aýaklarda mesele döredip biler

Lukmanlar «baletka» diýlip atlandyrylýan aýakgaplary uzak wagtlap geýmegiň saglyk üçin howpludygyny duýdurýarlar. Olaryň bellemegine görä, şeýle aýakgaplar dowamly agyrylara we aýagyň şekiliniň üýtgemegine......

08.06.2026 07:29
3.3k+

BSGG Afrikada Ebola garşy göreşmek üçin 518 mln dollar gönükdirer

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy (BSGG) we Afrikanyň keselleri gözegçilikde saklamak we öňüni almak merkezleri Afrikada Ebola gyzzyrmasynyň ýaýramagyna garşy göreşmek üçin 518 million dollarlyk alty aýlyk......

05.06.2026 17:46
2.8k+

Beýik Britaniýada düwnük çişlerini ýok edýän sanjym synagdan geçirildi

Beýik Britaniýada «Amiwantamab» derman serişdesiniň kliniki barlaglary tamamlandy. Synaglaryň dowamynda kelläniň we boýnuň düwnük keseliniň agyr görnüşlerinden ejir çekýän hassalaryň käbirinde çişleriň ep-esli......