Gurbanguly Berdimuhamedow haýyr-sahawat Gaznasynyň Müdiriýetiniň mejlisi geçirildi

  • 24.12.2023 09:38
  • 19k+

23-nji dekabrda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň Arkadag şäherinde ýerleşýän ştab-kwartirasynda iş maslahatyny geçirdi. Maslahata Gaznanyň müdiriýetiniň agzalary hem-de Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň ýolbaşçysy, Arkadag şäheriniň häkimi gatnaşdy.

Degişli düzümleriň ýolbaşçylarynyň hem-de wekilleriniň gatnaşmagynda geçirilen iş maslahatynda tamamlanyp barýan ýylda ýerine ýetirilen işler, ýurdumyzyň syýasy-jemgyýetçilik we halkara durmuşynda ýaýbaňlandyrylan wakalar hem-de öňde durýan wezipeler bilen baglanyşykly meselelere garaldy.
Gaznanyň Müdiriýetiniň nobatdaky mejlisine Gaznanyň wise-prezidenti R.Bazarow, gaznanyň Prezidentiniň kömekçisi Ý.Orazow, Gaznanyň Iş dolandyryjysy K.Babaýew, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Çagalar sagaldyş-dikeldiş merkeziniň direktory M.Öküzowa, Gaznanyň hasapçysy Ý.Çernowa, Gaznanyň hukukçysy M.Hojamberdiýewa gatnaşdylar. Şeýle hem Gaznanyň müdiriýetiniň nobatdaky mejlisine Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazow we Arkadag şäheriniň häkimi Ş.Durdylyýew çagyryldylar.
Mejlisiň gün tertibine Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy tarapyndan geçen döwürde alnyp barylan işler, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň serişdeleriniň sarp edilişi, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Çagalar sagaldyş-dikeldiş merkezi tarapyndan degişli döwürde alnyp barylan işler bilen baglanyşykly meseleler we beýleki birnäçe soraglar girizildi.
Mejlisiň dowamynda Gaznanyň wise-Prezidenti R.Bazarow Gaznanyň geçen döwürde ýerine ýetiren işleri, öňde durýan wezipeler barada çykyş etdi.
Gaznanyň hasapçysy Ý.Çernowa Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň serişdeleriniň sarp edilişi barada hasabat berdi.
Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Çagalar sagaldyş-dikeldiş merkeziniň direktory M.Öküzowa Merkezde edilen işler barada hasabat berdi.
Mejlisiň barşynda türkmen halkynyň Milli Lideri Gaznanyň Prezidentiniň kömekçisi Ý.Orazowa hojalyk işleri bilen baglanyşykly meseleleri yzygiderli gözegçilikde saklamak we bu ugurda degişli işeri ýokary derejede amala aşyrmak babatda birnäçe anyk görkezmeleri berdi.
Şeýle hem Gurbanguly Berdimuhamedow Gaznanyň işiniň kanunçylyk hukuk binýadyny pugtalandyrmak bilen baglanyşykly meseleler barada aýdyp, Gaznanyň Iş dolandyryjysy K.Babaýewe we Gaznanyň hukukçysy M.Hojamberdiýewa bu ugurda alnyp barylýan işleri häzirki zamanyň ösen tejribesini özleşdirmek arkaly utgaşykly ýerine ýetirmek boýunça birnäçe tabşyryklary berdi.
Mejlisiň dowamynda Halk Maslahatynyň Başlygy Gaznanyň media habarlar wekilleri bolan B.Şyhlyýewe hem-de A.Jepbarowa Haýyr-sahawat gaznasynyň alyp barýan işini halk köpçüligine ýetirmek we ony halkara giňişliginde hemmetaraplaýyn wagyz etmek bilen baglanyşykly meselelere toplumlaýyn esasda çemeleşmegi tabşyrdy.
Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazowa we Arkadag şäheriniň häkimi Ş.Durdylyýewe bolsa Gaznanyň işi bilen baglanyşykly meseleleri sazlaşykly alyp barmak we bu ugurda bilelikdäki tagallalary ýola goýmak babatda birnäçe görkezmeler berildi.


düýn 17:31
929

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......

düýn 15:39
1.5k+

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......

04.06.2026 16:07
2.7k+

Aşgabatda TurkmenTextile Expo — 2026 halkara sergi-ýarmarkasy açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «TurkmenTextile Expo — 2026» atly halkara sergi-ýarmarkasy öz işine başlady. Bu sergi dokma senagatynyň gazananlaryny görkezmek, işewürlik hyzmatdaşlygyny......

04.06.2026 12:34
4.3k+

Türkmenistanda bugdaý oragyna badalga berildi

Türkmenistanda oba hojalyk pudagy üçin möhüm tapgyry alamatlandyrýan 2026-njy ýylyň bugdaý oragy möwsümine badalga berildi. Bu barada TDH habar berýär....