Serdar Berdimuhamedow we Gurbanguly Berdimuhamedow Ilham Aliýewi doglan güni bilen gutladylar

  • 23.12.2023 16:18
  • 12k+

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýewe doglan güni mynasybetli gutlag hatyny iberdi. Gutlagyň teksti Azerbaýjanyň ýolbaşçysynyň saýtynda ýerleşdirildi.

Serdar Berdimuhamedow “Türkmenistan bilen Azerbaýjan Respublikasynyň arasyndaky çuň we köpden bäri dowam edip gelýän dostluk gatnaşyklarynyň yzygiderli ösjekdigine we halklarymyz hem ýurtlarymyz üçin bähbitli boljakdygyna” ynam bildirdi.

“Bu ajaýyp pursatdan peýdalanyp, gadyrly Ilham Geýdar ogly, Size çyn ýürekden berk jan-saglyk, bagt we maşgala abadançylygyny, Azerbaýjanyň doganlyk halkyna bolsa parahatçylyk, mundan beýläk-de ösüş we rowaçlyk arzuw edýärin” – diýlip, gutlag hatynda bellenilýär.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow hem Ilham Aliýewi doglan güni mynasybetli gutlady.

“Siziň Türkmenistan bilen Azerbaýjan Respublikasynyň arasyndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklary berkitmäge we ösdürmäge goşýan goşandyňyz we berýän aýratyn ünsüňiz üçin minnetdarlyk bildirmek isleýärin” – diýmek bilen, Gurbanguly Berdimuhamedow Ilham Aliýewe berk jan-saglyk, bagt we ähli işlerinde üstünlikleri arzuw etdi.


düýn 17:39
1.4k+

Türkmenistanyň biržasynda eksport geleşikleriniň bahasy 78,6 mln dollardan geçdi

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda 49 sany geleşik hasaba alyndy. Eksport şertnamalarynyň umumy bahasy 78 million 656 müň ABŞ dollaryndan gowrak boldy....

05.06.2026 17:31
1.7k+

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......

05.06.2026 15:39
2.5k+

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......

04.06.2026 16:07
3.4k+

Aşgabatda TurkmenTextile Expo — 2026 halkara sergi-ýarmarkasy açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «TurkmenTextile Expo — 2026» atly halkara sergi-ýarmarkasy öz işine başlady. Bu sergi dokma senagatynyň gazananlaryny görkezmek, işewürlik hyzmatdaşlygyny......