BMG-niň Baş Assambleýasy Türkmenistanyň başlangyjy bilen ulag boýunça kararnama kabul etdi

  • 21.12.2023 21:46
  • 4.2k+

19-njy dekabrda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 78-nji mejlisiniň 49-njy umumy mejlisinde biragyzdan "Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek üçin ulaglaryň ähli görnüşleriniň arasyndaky arabaglanyşyklary berkitmek" atly kararnamany kabul etdi.

Türkmenistanyň DIM-niň habar bermegine görä, ýurdumyzyň başlangyjy bilen işlenip düzülen bu kararnama 47 döwlet awtordaş bolup çykyş etdi.
Bu kararnama agza döwletleri durnukly ösüş üçin zerur bolan ähli ugurlarda ulag ulgamynyň we transport infrastrukturasynyň dowamly işlemegine we pugtalandyrylmagyna goldaw bermäge çagyrýar.
Şu ýylyň 19-njy sentýabrynda Nýu-Ýorkda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 78-nji mejlisiniň umumy mejlisinde eden çykyşynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow ileri tutulýan ugurlaryň biri hökmünde ulag ulgamyndaky Durnukly ösüş maksatlarynyň durmuşa geçirilişine ünsi çekdi.
Mälim bolşy ýaly, Türkmenistan bu möhüm ugurda gepleşikler üçin netijeli halkara platformalaryny döretmegiň başyny başlady.
Bu nukdaýnazardan, 2016-njy ýylda Aşgabatda BMG-niň Durnukly ulaglar boýunça ilkinji global maslahaty, şeýle hem 2023-nji ýylyň tomsunda Türkmenistanda BMG bilen hyzmatdaşlykda guralan, deňize çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlaryň ulag ministrleriniň halkara duşuşygy üstünlikli geçirildi.


düýn 18:54
2.3k+

Türkmenistanyň DIM-iniň ýolbaşçysy ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň orunbasary bilen duşuşdy

8-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow iş sapary bilen Aşgabada gelen ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň jemgyýetçilik diplomatiýasy boýunça orunbasary Sara Rojers bilen duşuşdy. Bu barada......

düýn 17:39
1.2k+

Türkmenistanyň biržasynda eksport geleşikleriniň bahasy 78,6 mln dollardan geçdi

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda 49 sany geleşik hasaba alyndy. Eksport şertnamalarynyň umumy bahasy 78 million 656 müň ABŞ dollaryndan gowrak boldy....

05.06.2026 18:04
5.5k+

Gyrgyzystan ilkinji gezek BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň hemişelik däl agzalygyna saýlandy

Gyrgyzystan öz taryhynda ilkinji gezek BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň 2027–2028-nji ýyllar döwri üçin hemişelik däl agzalygyna saýlandy. Bu barada Guramanyň resmi portalynda habar berildi....

05.06.2026 17:31
1.7k+

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......