Gurbanguly Berdimuhamedow Walentina Matwiýenko bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy

  • 20.12.2023 21:51
  • 8.9k+

20-nji dekabrda rus tarapynyň başlangyjy bilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen  Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygy Walentina Matwiýenkonyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.

Türkmen  halkynyň  Milli Lideri ilki bilen Russiýanyň Federal Ýygnagynyň döredilmeginiň we RF-niň Konstitusiýasynyň kabul edilmeginiň 30 ýyllygy mynasybetli gutlaglaryny beýan etdi, şeýle hem Walentina Matwiýenkony  Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna  gatnaşyjy döwletleriň Parlament Assambleýasynyň geňeşiniň Başlygy wezipesine täzeden saýlanylmagy bilen gutlady.
Öz gezeginde Russiýanyň Parlamentiniň ýokarky palatasynyň Başlygy türkmen halkynyň Milli Lideriniň garaýşyny  tutuşlygyna goldap, rus tarapynyň iki ýurduň strategik hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de çuňlaşdyrmaga berk ygrarlydygyna ynandyrdy.
Mälim bolşy ýaly, häzirki wagtda Russiýa özüniň syýasy durmuşynda jogapkärçilikli döwri başdan geçirýär.
Geljek ýylyň mart aýynda geçiriljek döwlet Baştutanynyň saýlawlary döwletiň we jemgyýetiň öňünde durýan wajyp meseleleri çözmäge gönükdirilen syýasy, ykdysady, durmuş özgertmeleri amala aşyrmakda möhüm tapgyr bolar. 
Russiýanyň köp milletli halkynyň dogry taryhy çözgüdi kabul etjekdigine we şunuň bilen rus halkynyň köp nesilleriniň uzakmöhletleýin geljege ykbalyny kesgitlejekdigine ynam bildirildi.
Ikitaraplaýyn gatnaşyklar barada aýdylanda bolsa, söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy we medeni-durmuş ulgamda bilelikdäki işleri ösdürmegiň zerurdygy bellenildi.
Şunda türkmen-rus hökümetara toparyna möhüm orun degişlidir. Şol toparyň nobatdaky mejlisi geljek ýylyň başynda Aşgabatda geçiriler.  Mejlisiň dowamynda ykdysadyýetde, bilimde, ylymda we beýleki pudaklarda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň mümkinçiligini ulanmak bilen baglanyşykly meseleleriň uly toplumy ara alnyp maslahatlaşylar.


düýn 19:38
3.6k+

Raşid Meredow ukrain diplomatlary bilen duşuşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Oleksandr Mişenko we Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen......

düýn 19:26
1.4k+

Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi

25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar......

26.06.2026 20:55
2.9k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.3k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......