Serdar Berdimuhamedow Al-Sisini Müsüriň Prezidentligine gaýtadan saýlanylmagy bilen gutlady

  • 20.12.2023 13:00
  • 3k+

Prezident Serdar Berdimuhamedow Abdel Fattah Al-Sisä Müsür Arap Respublikasynyň Prezidenti wezipesine gaýtadan saýlanylmagy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny, iň gowy arzuwlaryny iberdi.

“Biz Türkmenistan bilen Müsür Arap Respublikasynyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklara ýokary baha berýäris we onuň geljekde iki ýurduň halklarynyň bähbitlerine mundan beýläk-de ösdüriljekdigine ynam bildirýäris” diýip, döwlet Baştutany gutlag hatynda belledi.

Serdar Berdimuhamedow mümkinçilikden peýdalanyp, Müsür Arap Respublikasynyň Prezidenti Abdel Fattah Al-Sisä tüýs ýürekden berk jan saglyk, bagtyýarlyk, täze başlangyçlarynda üstünlikleri arzuw etdi.
Müsürde prezident saýlawlary 10-12-nji dekabrda geçirildi. Müsüriň kanunyna laýyklykda, döwlet Baştutany alty ýyl möhlet bilen saýlanýar.


düýn 20:55
2.5k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.3k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......

25.06.2026 07:51
2.5k+

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Pekinde geçirilýän okuw maslahatyna gatnaşýar

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Hytaý Halk Respublikasynyň Halk wekilleriniň Ählihytaý ýygnagynyň hemişelik komiteti tarapyndan Pekin şäherinde 22-28-nji iýun aralygynda guralýan «Kanun çykaryjy edaralaryň......

24.06.2026 23:05
2.4k+

Raşid Meredow diplomatik işini tamamlaýan Germaniýanyň ilçisi bilen duşuşdy

24-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Bernd Haýns bilen duşuşyk geçirdi. Bu duşuşyk......