Aşgabat Tokio göni howa gatnawyny ýola goýmagy meýilleşdirýär

  • 19.12.2023 15:31
  • 7.7k+

Türkmenistanyň we Ýaponiýanyň Awiasiýa häkimýetleriniň arasynda göni howa gatnawyny ýola goýmak boýunça gepleşikler geçirildi. Onuň netijeleri boýunça degişli resminama gol çekildi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň Metbigat gullugy habar berýär.

Bellenilişi ýaly, 13-16-njy dekabrda Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň başlygy R.Jepbarowyň ýolbaşçylygyndaky ykdysady wekiliýet Ýaponiýa iş saparyny amala aşyrdy. Saparyň çäklerinde Türkmen wekiliýetiniň agzalary Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça Ýapon-Türkmen komitetiniň agzalary bilen bilelikdäki duşuşygy, Ýaponiýanyň hökümet edaralary, guramalary we maliýe institutlary, şeýle hem ýapon kompaniýalarynyň ýolbaşçylary bilen ikitaraplaýyn duşuşyklary geçirdiler.
Duşuşyklaryň dowamynda türkmen wekiliýeti ozal gazanylan ylalaşyklaryň ýerine ýetirilişini we energiýa pudagynda, şol sanda uglerodyň bitaraplygyny gazanmak ugrunda hyzmatdaşlygy ösdürmegiň täze mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdy.
Saparyň netijeleri boýunça birnäçe resminamalara gol çekildi.


27.06.2026 19:38
5.3k+

Raşid Meredow ukrain diplomatlary bilen duşuşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Oleksandr Mişenko we Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen......

27.06.2026 19:26
1.9k+

Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi

25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar......

26.06.2026 20:55
3.1k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.4k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......