Raşid Meredow Eýranyň daşary işler ministri bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy

  • 13.12.2023 15:39
  • 8.2k+

Türkmenistanyň wise-premýeri, daşary işler ministri Raşid Meredow Eýran Yslam Respublikasynyň daşary işler ministri Hoseýn Amirabdollahian bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi.

Eýranyň daşary syýasat edarasynyň habar bermegine görä, taraplar iki döwletiň arasynda dürli ugurlarda ikitaraplaýyn gatnaşyklary pugtalandyrmaga we hyzmatdaşlygy giňeltmäge degişli meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar.
Taraplar ikitaraplaýyn gatnaşyklar bilen bir hatarda halkara we sebit gün tertibiniň käbir meseleleri boýunça pikir alyşdylar.
Eýran Yslam Respublikasynyň daşary işler ministri Hoseýn Amirabdollahian iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň möhümdigini belläp, eýran-türkmen serhediniň dostluk serhedidigini belledi.
Eýranyň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy Tähran bilen Aşgabadyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmegiň möhümdigini belledi.
Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow eýranly kärdeşi bilen Moskwada geçirilen gepleşikleri ýatlap geçip, Türkmenistan bilen Eýranyň energetika, tebigy gaz, ulag pudaklaryndaky hyzmatdaşlygynyň örän möhümdigini belläp geçdi.
R.Meredow Türkmenistanyň Eýran bilen ähli ugurlarda hyzmatdaşlygyny giňeltmäge taýýardygyny mälim etdi.


düýn 18:54
2.3k+

Türkmenistanyň DIM-iniň ýolbaşçysy ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň orunbasary bilen duşuşdy

8-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow iş sapary bilen Aşgabada gelen ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň jemgyýetçilik diplomatiýasy boýunça orunbasary Sara Rojers bilen duşuşdy. Bu barada......

düýn 17:39
1.2k+

Türkmenistanyň biržasynda eksport geleşikleriniň bahasy 78,6 mln dollardan geçdi

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda 49 sany geleşik hasaba alyndy. Eksport şertnamalarynyň umumy bahasy 78 million 656 müň ABŞ dollaryndan gowrak boldy....

05.06.2026 17:31
1.7k+

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......

05.06.2026 15:39
2.5k+

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......