Raşid Meredow BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň ýolbaşçysy bilen duşuşdy

  • 11.12.2023 14:25
  • 2.6k+

10-njy dekabrda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Aşgabat şäherinde iş sapary bilen bolýan BMG-niň Baş sekretarynyň kömekçisi, BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň Dolandyryjysynyň orunbasary, Ýewropa we Garaşsyz Döwletler Arkalaşygynyň agza ýurtlary boýunça býurosynyň sebitleýin direktory Iwana Žiwkowiç bilen duşuşygy geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň Metbugat gullugy habar berýär.

Gepleşikleriň dowamynda Türkmenistanyň BMG-niň Ösüş maksatnamasy bilen hyzmatdaşlygynyň strategiki häsiýeti bellenildi. Bu babatynda Türkmenistanyň hökümeti bilen guramanyň arasynda 27 taslamanyň amala aşyrylýanlygy aýratyn nygtaldy. Bu taslamalaryň agalabasy ýurdumyzyň hökümetiniň ýakyndan ýardam bermeginde durmuşa geçirilýär.
Söhbetdeşler hyzmatdaşlygyň derejesiniň ýokarlanýandygyny bellediler. Bu ilkinji nobatda saglygy goraýyş ulgamyndaky işlere degişli bolup, ýakynda degişli ugur boýunça iki taslamany amala aşyrmak boýunça ylalaşyklara gol çekildi.
BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň ýolbaşçysy Türkmenistanyň sanly ulgama geçmek boýunça işlerine ýokary baha berip, degişli ugur boýunça hyzmatdalygyň işjeň alnyp barylýanlygyny nygtady. Şeýle-de, bu ugurda hyzmatdaşlyk etmegiň täze ugurlarynyň üstünde durulyp geçildi.
Şunuň bilen birlikde, taraplar Türkmenistanyň Bütindünýä Söwda guramasyna girmek boýunça meselede goldanylmagynyň dowam etdirilmegi babatynda hem pikir alyşdylar.
Duşuşykda R. Meredow tarapyndan BMG-niň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasyna gatnaşyjy taraplaryň 28-nji maslahatynda Türkmenistanyň Prezidentiniň öňe süren halkara başlangyçlary hem-de ýurdumyzyň goşulan halkara resminamalary barada habar berildi. Şunuň bilen baglylykda, türkmen tarapy olary durmuşa geçirmek boýunça BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň ýolbaşçysyna bilelikdäki işleri amala aşyrmagyň mümkinçiliklerine seretmegi teklip etdi.


düýn 18:54
2.3k+

Türkmenistanyň DIM-iniň ýolbaşçysy ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň orunbasary bilen duşuşdy

8-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow iş sapary bilen Aşgabada gelen ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň jemgyýetçilik diplomatiýasy boýunça orunbasary Sara Rojers bilen duşuşdy. Bu barada......

düýn 17:39
1.2k+

Türkmenistanyň biržasynda eksport geleşikleriniň bahasy 78,6 mln dollardan geçdi

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda 49 sany geleşik hasaba alyndy. Eksport şertnamalarynyň umumy bahasy 78 million 656 müň ABŞ dollaryndan gowrak boldy....

05.06.2026 18:04
5.5k+

Gyrgyzystan ilkinji gezek BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň hemişelik däl agzalygyna saýlandy

Gyrgyzystan öz taryhynda ilkinji gezek BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň 2027–2028-nji ýyllar döwri üçin hemişelik däl agzalygyna saýlandy. Bu barada Guramanyň resmi portalynda habar berildi....

05.06.2026 17:31
1.7k+

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......