Raşid Meredow Eýranyň daşary işler ministriniň orunbasaryny kabul etdi

  • 11.12.2023 14:12
  • 2.9k+

10-njy dekabrda Türkmenistanyň daşary syýasy edarasynyň binasynda Daşary işler ministri Raşid Meredowyň we “Dialog - parahatçylygyň kepili” atly halkara maslahatynyň işine gatnaşmak üçin Aşgabat şäherine gelen Eýran Yslam Respublikasynyň Daşary işler ministriniň orunbasary Reza Najafiniň arasynda duşuşyk geçirildi.

Duşuşykda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ösüşi bilen baglanyşykly meseleleriň giň toplumynda pikir alyşmalar boldy.
Taraplar iki dostlukly ýurduň arasynda netijeli we ynamly syýasy gepleşikleri pugtalandyrmakda iň ýokary derejedäki saparlaryň we duşuşyklaryň möhümdigini bellediler.
Söwda we ykdysady gatnaşyklary ösdürmegiň çäklerinde gaz pudagynda, elektrik energiýasy pudagynda we ulag hyzmatdaşlygyna üns berildi.
Şu nukdaýnazardan, şu ýylyň noýabr aýynda Aşgabatda söwda-ykdysady çäreleriň we duşuşyklaryň toplumyny geçirmegiň ähmiýeti nygtaldy. 
Türkmen-Eýran gatnaşyklarynyň esasy ugurlaryndan biri, iki halkyň umumy taryhy, medeni we ruhy däplerine esaslanýan medeni we ynsanperwer hyzmatdaşlykdyr. Şunuň bilen baglylykda, medeni we ynsanperwer gatnaşyklary hasam giňeltmegiň zerurlygy bellendi diýip, Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň saýty habar berýär.


düýn 18:54
2.3k+

Türkmenistanyň DIM-iniň ýolbaşçysy ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň orunbasary bilen duşuşdy

8-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow iş sapary bilen Aşgabada gelen ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň jemgyýetçilik diplomatiýasy boýunça orunbasary Sara Rojers bilen duşuşdy. Bu barada......

düýn 17:39
1.2k+

Türkmenistanyň biržasynda eksport geleşikleriniň bahasy 78,6 mln dollardan geçdi

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda 49 sany geleşik hasaba alyndy. Eksport şertnamalarynyň umumy bahasy 78 million 656 müň ABŞ dollaryndan gowrak boldy....

05.06.2026 17:31
1.7k+

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......

05.06.2026 15:39
2.5k+

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......