Aşgabatda Goşulyşmazlyk Hereketiniň agza ýurtlarynyň lukmançylyk we sanitariýa edaralarynyň ýörite maslahaty geçirilýär

  • 08.12.2023 07:54
  • 8.9k+

8-9-njy dekabrda Aşgabatda Goşulyşmazlyk Hereketiniň agza ýurtlarynyň hyzmatdaşlygy» atly lukmançylyk we sanitariýa edaralarynyň ýörite maslahaty geçirilýär.

«Bu maslahatyň halklarydyr döwletleri jebisleşdirýän Halkara Bitaraplyk gününiň hem-de Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy hakynda Kararnamasynyň kabul edilmeginiň 28 ýyllygynyň öňüsyrasynda geçirilmegine biziň ýurdumyza bolan belent hormatyň, milli saglygy goraýyş ulgamyny kämilleşdirmek we ynsan saglygyny goramak babatda alyp barýan işlerimiziň ykrar edilmegi hökmünde garaýarys. Dünýäniň 120 döwletini özüne birleşdirýän Goşulyşmazlyk Hereketiniň agza ýurtlarynyň arasynda pandemiýa hem-de pandemiýadan soňky dikeldiş döwründe toplanan tejribelere esaslanýan hyzmatdaşlygy has-da berkitmek we işjeňleşdirmek, hususan-da, lukmançylyk, sanitariýa ugurlary boýunça alnyp barylýan işleri yzygiderli kämilleşdirmek boýunça tagallalary utgaşdyrmakda bu maslahatyň ähmiýetiniň uly boljakdygyna berk ynanýaryn» diýip, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow maslahata gatnaşyjylara iberen Gutlagynda belleýär.

2023-nji ýylyň möhüm halkara wakasyna öwrüljek bu foruma 30-a golaý döwletden, abraýly halkara guramalardan 60-dan gowrak wekiliň — lukmanlaryň, alymlaryň, bilermenleriň, lukmançylyk bileleşiginiň beýleki wekilleriniň gatnaşmagyna garaşylýar.


09.06.2026 23:14
7.2k+

Meşhurlaryň halap geýýän köwşi aýaklarda mesele döredip biler

Lukmanlar «baletka» diýlip atlandyrylýan aýakgaplary uzak wagtlap geýmegiň saglyk üçin howpludygyny duýdurýarlar. Olaryň bellemegine görä, şeýle aýakgaplar dowamly agyrylara we aýagyň şekiliniň üýtgemegine......

08.06.2026 07:29
3.2k+

BSGG Afrikada Ebola garşy göreşmek üçin 518 mln dollar gönükdirer

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy (BSGG) we Afrikanyň keselleri gözegçilikde saklamak we öňüni almak merkezleri Afrikada Ebola gyzzyrmasynyň ýaýramagyna garşy göreşmek üçin 518 million dollarlyk alty aýlyk......

05.06.2026 17:46
2.8k+

Beýik Britaniýada düwnük çişlerini ýok edýän sanjym synagdan geçirildi

Beýik Britaniýada «Amiwantamab» derman serişdesiniň kliniki barlaglary tamamlandy. Synaglaryň dowamynda kelläniň we boýnuň düwnük keseliniň agyr görnüşlerinden ejir çekýän hassalaryň käbirinde çişleriň ep-esli......

05.06.2026 15:54
4.1k+

Hytaý dünýäde ilkinji bolup beýni implantynyň täjirçilik maksatly ulanylmagyna rugsat berdi

Hytaý dünýäde inwaziw «beýni–kompýuter» interfeýsiniň (Brain-Computer Interface, BCI) täjirçilik maksatly ulanylmagyny resmi taýdan tassyklan ilkinji ýurt boldy....