Raşid Meredow RF-niň Federasiýa Geňeşiniň Halkara gatnaşyklar boýunça Komitetiniň Başlygy bilen duşuşdy

  • 06.12.2023 18:32
  • 5.2k+

5-nji dekabrda RF-ne iş saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň wise-premýeri, Türkmenistanyň Daşary işler Ministri Raşid Meredow bilen Russiýa Federasiýasynyň Federasiýa Geňeşiniň Halkara gatnaşyklar boýunça Komitetiniň Başlygy Grigoriý Karasiniň arasynda duşuşyk geçirildi.

Russiýa tarapy, Russiýa bilen Türkmenistanyň arasyndaky gatnaşyklaryň strategiki hyzmatdaşlygyň ruhunda ösýändigini belläp, Russiýanyň mejlisiniň ýokary palatasynyň Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Russiýa Federasiýasynyň ikinji Parlamentara forumyny taýýarlamak we geçirmek üçin bilelikdäki işe bil baglaýandygyny aýtdy diýip, ýurdumyzyň daşary syýasat edarasynyň saýty habar berdi.
Raşid Meredow kanun çykaryjylaryň türkmen-rus gatnaşyklaryny ösdürmäge goşýan goşandyny nygtady we möhüm tejribe toplanan halkara guramalarynyň çäklerinde bilelikdäki işleriň dowam etdirilmegini goldady.
Söhbetdeşligiň dowamynda söwda-ykdysady gatnaşyklar aýratyn ara alnyp maslahatlaşyldy.
Söhbetdeşler medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy barada pikir alyşdylar we türkmen-rus uniwersitetiniň döredilmegi, Döwlet rus drama teatrynyň täze binasynyň gurulmagy we A.S.Puşkin adyndaky mekdep üçin goşmaça binanyň gurulmagy ýaly meýilnamalary ara alyp maslahatlaşdylar.  


düýn 18:54
2.3k+

Türkmenistanyň DIM-iniň ýolbaşçysy ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň orunbasary bilen duşuşdy

8-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow iş sapary bilen Aşgabada gelen ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň jemgyýetçilik diplomatiýasy boýunça orunbasary Sara Rojers bilen duşuşdy. Bu barada......

düýn 17:39
1.2k+

Türkmenistanyň biržasynda eksport geleşikleriniň bahasy 78,6 mln dollardan geçdi

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda 49 sany geleşik hasaba alyndy. Eksport şertnamalarynyň umumy bahasy 78 million 656 müň ABŞ dollaryndan gowrak boldy....

05.06.2026 17:31
1.7k+

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......

05.06.2026 15:39
2.5k+

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......