2024-nji ýylyň ýanwar aýynda Hökümetara türkmen-russiýa toparynyň 13-nji mejlisi geçiriler

  • 05.12.2023 11:17
  • 3.1k+

Moskwada Russiýanyň Hökümetiniň Başlygynyň orunbasary Alekseý Owerçuk bilen Türkmenistanyň wise-premýeri, daşary işler ministri Raşid Meredowyň arasynda duşuşyk geçirildi.

Taraplar söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar we 2023-nji ýylyň 10-njy oktýabrynda Aşgabatda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça Hökümetara toparyň Başlyklarynyň duşuşygynyň netijeleri boýunça gazanylan ylalaşyklaryň durmuşa geçirilişini maslahatlaşdylar.
Owerçuk we Meredow şeýle hem 2024-nji ýylyň ýanwar aýynda Türkmenistanda geçirilmegi meýilleşdirilýän Hökümetara türkmen-russiýa toparynyň 13-nji mejlisine we Ikinji türkmen-russiýa işewürler forumyna taýýarlyk meseleleri boýunça pikir alyşdylar diýip, RF-niň Hökümetiniň saýty habar berýär.


düýn 18:54
2.3k+

Türkmenistanyň DIM-iniň ýolbaşçysy ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň orunbasary bilen duşuşdy

8-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow iş sapary bilen Aşgabada gelen ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň jemgyýetçilik diplomatiýasy boýunça orunbasary Sara Rojers bilen duşuşdy. Bu barada......

düýn 17:39
1.2k+

Türkmenistanyň biržasynda eksport geleşikleriniň bahasy 78,6 mln dollardan geçdi

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda 49 sany geleşik hasaba alyndy. Eksport şertnamalarynyň umumy bahasy 78 million 656 müň ABŞ dollaryndan gowrak boldy....

05.06.2026 17:31
1.7k+

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......

05.06.2026 15:39
2.5k+

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......