Serdar Berdimuhamedow BMG-niň Baş sekretarynyň orunbasary bilen duşuşdy

  • 01.12.2023 21:18
  • 5.8k+

Şu gün, 1-nji dekabrda Prezident Serdar Berdimuhamedow COP28 maslahatynyň çäklerinde BMG-niň Daşky gurşaw boýunça maksatnamasynyň (UNEP) Ýerine ýetiriji direktory, Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretarynyň orunbasary hanym Inger Andersen bilen duşuşdy.

Döwlet Baştutany we UNEP-iň Ýerine ýetiriji direktory mähirli salamlaşyp, tebigaty goramak ulgamynda hyzmatdaşlygyň derwaýys meselelerini ara alyp maslahatlaşmaga dörän mümkinçilige kanagatlanma bildirdiler. Dünýä Bileleşigi bu meselelere uly üns berýär. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň we UNEP-iň däp bolan netijeli gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmaga taýýardyklary tassyklanyldy.
Duşuşygyň dowamynda atmosfera metanyň zyňyndylaryny azaltmak meselelerinde özara gatnaşyklar howanyň üýtgemegi ulgamyndaky halkara gün tertibiniň wajyp meseleleriniň hatarynda görkezildi. Mälim bolşy ýaly, iki ýyl mundan ozal, Glazgoda geçirilen COP26 maslahatynda Türkmenistan Ählumumy metan borçnamasy (GMP) boýunça täze başlangyjy goldady we ony içgin öwrenmäge gyzyklanmasyny beýan etdi. Şu günki maslahatda ýurdumyz GMP-ä goşulýandygyny yglan etdi.
Şeýle hem häzirki wagtda metan zyňyndylary boýunça Halkara obserwatoriýasy bilen bilelikdäki taslamany taýýarlamak işleri amala aşyrylýar. Onuň çäklerinde türkmen hünärmenleri üçin degişli okuwlaryň toplumyny, bilelikdäki ylmy-barlaglary geçirmek, milli ugurdaş kanunçylygy kämilleşdirmek meýilleşdirilýär.
Duşuşygyň barşynda Aral meselesine hem deglip geçildi. Mälim bolşy ýaly, Türkmenistan 2017-2019-njy ýyllar aralygynda Araly halas etmegiň halkara gaznasynda (AHHG) başlyklyk etdi. Şol döwürden bäri uly işler geçirildi. Köp wagtlyk arakesmeden soň, ilkinji gezek 2018-nji ýylyň awgustynda ýurdumyzda Merkezi Aziýanyň ähli döwletleriniň Baştutanlarynyň gatnaşmagynda AHHG-nyň Sammiti geçirildi.
Tebigaty goramak ulgamynda Türkmenistan bilen Milletler Bileleşiginiň arasynda hyzmatdaşlykda hazar meselesine hem möhüm orun berilýär. Şu ýylyň sentýabrynda, BMG-niň Baş Assambleýasynyň 78-nji mejlisinde ýurdumyz «Hazar ekologiýa başlangyjyny» döretmek baradaky teklibi girizdi. Ol Hazaryň daşky gurşawyny goramak, onuň biologik serişdelerini aýawly saklamak, derwaýys ekologiýa meseleleriniň birnäçesini çözmek meseleleri boýunça netijeli gatnaşyklar üçin halkara binýadyna öwrülmelidir.
Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistan Hazar sebitinde howanyň üýtgemegine uýgunlaşmak, şeýle hem Hazaryň türkmen böleginiň deňiz giňişligini meýilleşdirmegiň konsepsiýasyny işläp taýýarlamak bilen baglanyşykly anyk taslamalar boýunça UNEP bilen hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagyna umyt edýär.
BMG-niň Daşky gurşaw boýunça maksatnamasynyň Ýerine ýetiriji direktory, Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretarynyň orunbasary Türkmenistanyň ekologiýa ulgamynda amala aşyrýan işlerine, onuň oňyn başlangyçlaryna hem-de bu ugurda ileri tutulýan ählumumy wezipeleri çözmäge goşýan goşandyna ýokary baha berdi.


düýn 22:55
213

Geçen hepde biržada geleşikleriň jemi bahasy 11 mln 375 müň ABŞ dollaryna deň boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 17-si hasaba alyndy. Bu barada TDH habar berýär....

06.05.2026 20:34
9.9k+

Zaha Hadid Architects kompaniýasynyň wekilleri «Ak şäherim Aşgabat 2026» forumyna gatnaşar

Zaha Hadid Architects binagärlik býurosynyň wekilleriniň 24-25-nji maýda Türkmenistanyň paýtagtynda geçiriljek «Ak şäherim Aşgabat 2026» XXV halkara sergisine we maslahatyna gatnaşmagyna garaşylýar. Bu barada......

03.05.2026 15:54
2.5k+

Türkmenistanyň ilçisi Türkiýäniň Palatalar we biržalar birleşiginiň ýolbaşçysy bilen duşuşdy

1-nji maýda Türkmenistanyň Türkiýedäki ilçisi Mekan Işangulyýew Türkiýe Respublikasynyň Palatalar we biržalar birleşiginiň başlygy Rifat Hisarjyklyoglu bilen duşuşyk geçirdi. Taraplar söwda-ykdysady......

02.05.2026 08:13
2.5k+

Türkmen wekiliýeti Kazan, London we Baku şäherlerinde geçiriljek halkara çärelere gatnaşar

Türkmenistan 2026-njy ýylyň maý aýynda geçiriljek birnäçe iri halkara çärelerine işjeň gatnaşmaga taýýarlanýar. Anna güni geçirilen Hökümet mejlisinde wise-premýer, daşary işler ministri Raşid Meredow bu......