Serdar Berdimuhamedow: Türkmenistan teklip edilýän Howa we Saglyk boýunça Jarnamany goldaýar

  • 01.12.2023 21:06
  • 11k+

Prezident Serdar Berdimuhamedow BMG-niň Howanyň üýtgemegi boýunça Çarçuwaly Konwensiýasynyň taraplarynyň nobatdaky 28-nji mejlisindäki (COP28) çykyşynda, Türkmenistan teklip edilýän Howa we Saglyk boýunça Jarnamany goldaýandygyny aýtdy.

«Ählumumy howa başlangyçlarynyň çäklerinde köptaraply hyzmatdaşlygy dowam etmäge doly ygrarly bolmak bilen, Türkmenistan teklip edilýän Howa we Saglyk boýunça Jarnamany goldaýar we Pariž ylalaşygyny durmuşa geçirmekde saglygy goraýyş meselelerinde biziň umumy tagallalarymyzy we bitewüligimizi tassyklamak üçin Jarnamany goldamagy wajyp hasaplaýarys» diýip, döwlet Baştutany nygtady.

Şeýle-de Serdar Berdimuhamedow Ählumumy azyk howpsuzlygyny üpjün etmek babatda howanyň üýtgemeginiň täsiriniň örän uludygyny nazara almak bilen, Türkmenistan Durnukly oba hojalygy, Durnukly azyk ulgamlary we howanyň üýtgemegine garşy göreşmek boýunça Emirlikler Jarnamasyny doly goldaýandygyny belledi.

«Türkmenistan howanyň üýtgemegine garşy göreşmek ulgamynda milli hökümetleriň we ýerli häkimiýetleriň arasynda utgaşykly hereketiň möhümdigini ykrar etmek bilen, howanyň üýtgemegine garşy göreşmek boýunça belent maksatly köp derejeli hyzmatdaşlyk üçin СOP28 koalisiýasyny döretmek hakyndaky başlangyjyny goldamaga taýýardyr» diýip, Serdar Berdimuhamedow aýratyn ünsi çekdi

Döwlet Baştutanynyň belleýşi ýaly, Türkmenistanyň milli bähbitlerini nazara almak bilen, Emirlikler Jarnamasynyň maksatlaryna ýetmek üçin gyzyklanma bildirýän taraplaryň ählisi bilen oba hojalygy, ekologiýa, energetika, maliýe, saglygy goraýyş ulgamlarynda sebit we ählumumy derejelerde hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmaga taýýardyrys.


düýn 22:20
2.5k+

Türkmenistan Maldiwlere özüniň ilkinji ilçisini belledi

Türkmenistanyň Hindistan Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Şalar Geldynazarow, şol bir wagtyň özünde ýurduň Maldiwler Respublikasyndaky diplomatik wekilhanasynyň ýolbaşçysy wezipesine......

düýn 13:44
2.3k+

Daşoguz we Balkan welaýatlarynyň daýhanlary galla oragyna girişdi

Türkmenistanda galla oragy möwsümi işjeň dowam edýär. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň ak pata bermegi bilen, Daşoguz we Balkan welaýatlarynyň ekerançylary hem 10-njy iýunda bu möhüm işe......

düýn 07:42
1.4k+

Türkmenistanyň DIM-inde Finlýandiýanyň we Ýaponiýanyň ilçileri bilen duşuşyklar geçirildi

10-njy iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowanyň gatnaşmagynda daşary ýurtlaryň diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary bilen ikitaraplaýyn duşuşyklar geçirildi.......

08.06.2026 17:39
2.1k+

Türkmenistanyň biržasynda eksport geleşikleriniň bahasy 78,6 mln dollardan geçdi

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda 49 sany geleşik hasaba alyndy. Eksport şertnamalarynyň umumy bahasy 78 million 656 müň ABŞ dollaryndan gowrak boldy....