Serdar Berdimuhamedow Dubaýda Bütindünýä howa forumynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy

  • 01.12.2023 15:18
  • 14k+

Şu gün, 1-nji dekabrda Dubaýda ýylyň klimat bilen bagly iň iri çäresi — BMG-niň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasyna gatnaşyjy taraplaryň 28-nji maslahatynyň umumy mejlisi (COP-28) öz işine başlady. «Dubai EXPO City» sergiler merkezinde geçirilýän mejlise Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow hem gatnaşdy.

Sammite gatnaşýan döwlet we hökümet Baştutanlary «Al Wasl» dabaralar merkezine ýygnandylar. Bu ýerde Serdar Berdimuhamedow Birleşen Arap Emirlikleriniň Prezidenti Şeýh Mohammed bin Zaýed Al Nahaýýan hem-de BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterriş tarapyndan garşylandy.
Soňra «Dubai EXPO City» sergiler merkeziniň çäginde ýerleşýän «Al Waha» teatrynda Bütindünýä howa sammitiniň açylyş dabarasy boldy. Günüň ikinji ýarymynda «COP-28» maslahatynyň plenar mejlisi öz işine başlady. Serdar Berdimuhamedow mejlisde çykyş edip, ählumumy gün tertibiniň derwaýys meseleleriniň biri hasaplanýan howanyň üýtgemegine garşy göreşmek boýunça ýurdumyzda durmuşa geçirilen anyk çärelere ünsi çekip, bu babatda ileri tutulýan garaýyşlary beýan eder diýip, «Türkmenistan» gazetiniň elektron neşiri habar berýär.
Howa boýunça sammitleriň taryhynda iň köp wekil (70 müňden gowrak) gatnaşýan maslahat hökmünde ykrar edilen «COP-28-iň» gün tertibi howanyň üýtgemegine garşy göreşmegiň halkara maliýe binýadyny güýçlendirmek, bu ugurdaky hereketleri maliýeleşdirmekde hususy pudagy höweslendirmek; zeper we ýitgi gaznasynyň işini işjeňleşdirmek; azyk howpsuzlygyny üpjün etmek; suw meselelerini netijeli çözmek ýaly ugurlary öz içine alýar. Plenar mejlisler bilen birlikde, iki hepdäniň dowamynda howa meselelerine bagyşlanan ugurdaş çäreleriň hem ýüzlerçesi geçiriler.


düýn 18:04
3.7k+

Gyrgyzystan ilkinji gezek BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň hemişelik däl agzalygyna saýlandy

Gyrgyzystan öz taryhynda ilkinji gezek BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň 2027–2028-nji ýyllar döwri üçin hemişelik däl agzalygyna saýlandy. Bu barada Guramanyň resmi portalynda habar berildi....

düýn 17:31
1.1k+

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......

düýn 15:39
1.7k+

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......

04.06.2026 16:07
2.8k+

Aşgabatda TurkmenTextile Expo — 2026 halkara sergi-ýarmarkasy açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «TurkmenTextile Expo — 2026» atly halkara sergi-ýarmarkasy öz işine başlady. Bu sergi dokma senagatynyň gazananlaryny görkezmek, işewürlik hyzmatdaşlygyny......