Raşid Meredow HHR-iň Döwlet Geňeşiniň Premýeriniň birinji orunbasary Din Sýuesýan bilen gepleşikleri geçirdi

  • 30.11.2023 10:57
  • 5.7k+

29-njy noýabrda Türkmenistanyň wise-premýeri Raşid Meredow, Aşgabada iş sapary bilen gelen, HHR-iň Döwlet Geňeşiniň Premýeriniň birinji orunbasary, Hytaýyň Kommunistik partiýasynyň Merkezi komitetiniň Syýasy býurosynyň Hemişelik komitetiniň agzasy Din Sýuesýan bilen duşuşyk geçirdi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň Metbugat gullugy habar berdi.

Duşuşygyň dowamynda R.Meredow hemmetaraplaýyn strategiki hyzmatdaşlygyň çäklerinde türkmen-hytaý gatnaşyklarynyň ugurlaryň giň toplumy boýunça çalt depginde ösýändigini we iň ýokary derejedäki gatnaşyklaryň iki ýurduň arasyndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklary pugtalandyrmakda möhüm ähmiýete eýedigini belledi.
Ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ileri tutulýan ugrurlarynyň biri energetika hyzmatdaşlygy bolup durýandygy nygtaldy we bu ugurda Gaz hyzmatdaşlygy boýunça bilelikdäki iş toparynyň alyp barýan işiniň wajyplygy beýan edildi.
Taraplar iki ýurduň gyzyklanýan kompaniýalay bilen işewür toparlarynyň arasynda özara bähbitli gatnaşyklary ýola goýmak, önümçilik hyzmatdaşlygyny giňeltmek we çuňlaşdyrmak meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.
Şu nukdaýnazardan, iki ýurduň işewür toparlarynyň gatnaşmagynda ikitaraplaýyn ykdysady hyzmatdaşlygyň möhüm meselelerini çözmekde täsirli gural bolup biljek Türkmen-hytaý işewürlik geňeşini döretmek mümkinçiligine hem seredip geçdiler.
Bellenilişi ýaly, ykdysady hyzmatdaşlygyň geljekki möhüm ugurlary maýa goýum pudagy, sanly we ýokary tehnologiýalar, himiýa senagaty we kosmos, şeýle hem oba hojalygy bolup durýar.
Söhbetdeşler ulag we logistika, şeýle hem medeni we ynsanperwerlik ulgamlarynda hyzmatdaşlygy giňeltmegiň mümkinçilikleri boýunça pikir alyşdylar.


düýn 18:54
2.3k+

Türkmenistanyň DIM-iniň ýolbaşçysy ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň orunbasary bilen duşuşdy

8-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow iş sapary bilen Aşgabada gelen ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň jemgyýetçilik diplomatiýasy boýunça orunbasary Sara Rojers bilen duşuşdy. Bu barada......

düýn 17:39
1.2k+

Türkmenistanyň biržasynda eksport geleşikleriniň bahasy 78,6 mln dollardan geçdi

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda 49 sany geleşik hasaba alyndy. Eksport şertnamalarynyň umumy bahasy 78 million 656 müň ABŞ dollaryndan gowrak boldy....

05.06.2026 17:31
1.7k+

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......

05.06.2026 15:39
2.5k+

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......