Gözleg: 40 minutlyk işjeň maşk 10 sagatlap oturyp işlemegiň saglyga ýetirýän zyýanynyň öwezini dolýar

  • 18.12.2023 12:09
  • 11k+

Awstraliýanyň Sidneý uniwersitetiniň fiziki işjeňlik we ilatyň saglygy boýunça gözlegçisi Emmanuel Stamatakis günüň dowamynda 10 sagat oturyp işlemegiň saglyga ýetirýän ýaramaz täsirlerine garşy durmak üçin günde 30-40 minutlyk fiziki işjeňligiň ýeterlikdigini görkezdi. Şeýlelikde, hatda dik durmak ýa-da islendik mukdarda maşk etmek hiç hili mask etmezlikden gowudyr.

Gözlegçiler fitnes-treker geýen jemi 44 370 adamyň gatnaşmagynda geçirilen dokuz sany derňewi seljerdi.
Netijeleriň seljermesi hereketsiz durmuş ýörelgesini alyp barýanlaryň arasynda fiziki işjeňligiň azalmagy bilen irki ölüm howpunyň ýokarlanýandygyny görkezdi. Munuň tersine, 30-40 minutlyk orta ýa-da güýçli intensiwlikdäki maşklary bilen günüň dowamynda oturyp işlenilýän işleriň öwezini dolýan işjeň adamlaryň hereketsiz durmuşy bilen ölüm howpunyň arasynda hiç hili baglanyşyk ýok.
Başgaça aýdylanda, welosiped sürmek, çalt ýöremek ýa-da bagbançylyk ýaly fiziki maşklar bilen meşgullanmak ömrüň dowamlylygyny adaty durmuş ýörelgesindäki we günüň dowamynda ortaça hereket edeniňdäki bilen deňleşdirýär.
Bu gözlegiň netijeleri BSGG-niň 2020-nji ýyldaky görkezmelerine laýyk gelýär, onda az hereketli durmuş ýörelgesine garşy göreşmek üçin her hepde 150-300 minudyň dowamynda aram intensiwlikdäki fiziki işjeňlik ýa-da hepdede 75-150 minut güýçli işjeňlik gerek diýip maslahat berilýär - bu sanlar bir hepdelik maşklaryň jemidir.


20.06.2026 12:08
7.7k+

Saç dökülmä garşy täze derman synaga gatnaşanlaryň 80%-ine kömek etdi

Adamzada saç dökülmä eltýän köp sebäpler mälim bolsa-da, bu ýagdaýa garşy netijeli serişdeler gynansak-da, örän az. Geçirilen täze kliniki barlaglaryň dowamynda «VDPHL01» diýlip atlandyrylýan gerdejik......

15.06.2026 12:32
5.8k+

Tomsuň jöwzasynda özüňi goramagyň düzgünleri: türkmen lukmanlarynyň maslahatlary

Tomus möwsümi saglyga aýratyn üns berilmegini talap edýär. Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Saglygy goraýşyň habarlar merkezi tomus möwsümini howpsuz geçirmegiň düzgünlerini......

09.06.2026 23:14
7.7k+

Meşhurlaryň halap geýýän köwşi aýaklarda mesele döredip biler

Lukmanlar «baletka» diýlip atlandyrylýan aýakgaplary uzak wagtlap geýmegiň saglyk üçin howpludygyny duýdurýarlar. Olaryň bellemegine görä, şeýle aýakgaplar dowamly agyrylara we aýagyň şekiliniň üýtgemegine......

08.06.2026 07:29
3.4k+

BSGG Afrikada Ebola garşy göreşmek üçin 518 mln dollar gönükdirer

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy (BSGG) we Afrikanyň keselleri gözegçilikde saklamak we öňüni almak merkezleri Afrikada Ebola gyzzyrmasynyň ýaýramagyna garşy göreşmek üçin 518 million dollarlyk alty aýlyk......