СOP-28 maslahatynyň çäklerinde Türkmenistan Ählumumy metan borçnamasyna goşulýandygyny yglan edip biler

  • 25.11.2023 06:44
  • 4.8k+

Wise-premýer, daşary işler ministri R.Meredow Türkmenistanyň Hökümeti tarapyndan BMG-niň Howanyň üýtgemegi boýunça Çarçuwaly konwensiýasyna gatnaşyjy taraplaryň 28-nji maslahatyna (СOP-28) gatnaşmaga taýýarlyk görmek, forumyň barşynda kabul edilmegi göz öňünde tutulýan resminamalar we onuň çäklerinde meýilleşdirilen çäreler barada döwlet Baştutanyna hasabat berdi.

Garaşylyşy ýaly, “СOP-28” maslahatynda howanyň üýtgemegine garşy göreşmekde esasy ädimleriň biri hökmünde Ählumumy metan borçnamasyna goşulmak meselesine dünýäniň iri döwletleriniň ünsi çekiler.
Türkmenistanyň bu ugurdaky işi barada aýdylanda, daşky gurşawy goramak meselesi döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri hökmünde kesgitlenildi. Ýurdumyz howanyň ählumumy üýtgemeginiň öňüni almaga gönükdirilen Pariž ylalaşygyny işjeň goldady we 2016-njy ýylyň oktýabr aýynda ony tassyklady. 2019-njy ýylda howanyň üýtgemegi boýunça Türkmenistanyň Milli strategiýasy kabul edildi. 2020-nji ýylda ýurdumyz BMG-niň Ýewropa ykdysady komissiýasy tarapyndan yglan edilen “Şäherlerdäki baglar” atly halkara maksatnama goşuldy.
2022-nji ýylda Pariž ylalaşygy esasynda Türkmenistan milli derejede kesgitlenen goşandyny taýýarlady we ony tassyklady.
Türkmen tarapynyň başlangyjy boýunça Aşgabatda BMG-niň howandarlygynda Merkezi Aziýada howanyň üýtgemegi bilen bagly tehnologiýalar boýunça sebit merkezini açmak meýilleşdirilýär. Şunuň bilen baglylykda, şu ýylyň 13-nji noýabrynda Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrligi bilen BMG-niň Daşky gurşaw boýunça maksatnamasynyň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekildi. BMG-niň Howanyň üýtgemegi boýunça Çarçuwaly konwensiýasyna gatnaşyjy taraplaryň 26-njy maslahatynda Türkmenistan Ählumumy metan borçnamasy baradaky başlangyjy goldaýandygyny mälim etdi we ýurdumyz tarapyndan onuň jikme-jik öwrenilmegine gyzyklanma bildirildi. Şol günden bäri degişli maksadalaýyk işler geçirilýär. Şeýle hem şu ýylyň 2-nji iýunynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, metanyň zyňyndylaryny azaltmak boýunça ýokary derejeli pudagara topar döredildi. Mundan başga-da, ýurdumyzyň 2023-2024-nji ýyllar üçin Ählumumy metan borçnamasyna goşulmak meselesini öwrenmäge gönükdirilen halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek boýunça “Ýol kartasy” tassyklanyldy. Bu ulgamda ABŞ-nyň Halkara ösüş boýunça agentligi (USAID) bilen bilelikde degişli işler amala aşyrylýar.
Häzirki wagtda borçnama dünýäniň 150-ä golaý döwleti goşuldy. Şunuň bilen baglylykda, “COP-28” maslahatynyň dowamynda Türkmenistanyň Ählumumy metan borçnamasyna goşulýandygyny yglan etmek teklip edildi. Bu meselä şu ýylyň 23-nji noýabrynda geçirilen Türkmenistanyň daşky gurşawy goramak meseleleri boýunça pudagara toparynyň nobatdaky mejlisinde seredildi. Şunuň bilen birlikde, borçnamanyň şertlerini milli derejede ýerine ýetirmäge gönükdirilen bilelikdäki taslamalaryň we maksatnamalaryň çäklerinde halkara guramalar, hyzmatdaş ýurtlar bilen hyzmatdaşlygy dowam etdirmek teklip edilýär.
Bellenilişi ýaly, ýurdumyzyň degişli ministrlikleri we pudaklaýyn dolandyryş edaralary bilen bilelikde “COP-28” maslahatynda kabul ediljek resminamalar seljerildi. Şundan ugur alnyp, olaryň birnäçesine Türkmenistanyň goşulmagy teklip edilýär. Şeýle hem ýurdumyzyň ugurdaş düzümleriniň wekilleriniň maslahatyň çäklerinde — 10-njy dekabr aralygynda geçiriljek ýokary derejeli çärelere gatnaşmagyna degişli teklip beýan edildi.


düýn 22:20
5.6k+

Türkmenistan Maldiwlere özüniň ilkinji ilçisini belledi

Türkmenistanyň Hindistan Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Şalar Geldynazarow, şol bir wagtyň özünde ýurduň Maldiwler Respublikasyndaky diplomatik wekilhanasynyň ýolbaşçysy wezipesine......

düýn 13:44
3k+

Daşoguz we Balkan welaýatlarynyň daýhanlary galla oragyna girişdi

Türkmenistanda galla oragy möwsümi işjeň dowam edýär. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň ak pata bermegi bilen, Daşoguz we Balkan welaýatlarynyň ekerançylary hem 10-njy iýunda bu möhüm işe......

düýn 07:42
1.7k+

Türkmenistanyň DIM-inde Finlýandiýanyň we Ýaponiýanyň ilçileri bilen duşuşyklar geçirildi

10-njy iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowanyň gatnaşmagynda daşary ýurtlaryň diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary bilen ikitaraplaýyn duşuşyklar geçirildi.......

08.06.2026 18:54
4.3k+

Türkmenistanyň DIM-iniň ýolbaşçysy ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň orunbasary bilen duşuşdy

8-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow iş sapary bilen Aşgabada gelen ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň jemgyýetçilik diplomatiýasy boýunça orunbasary Sara Rojers bilen duşuşdy. Bu barada......