Aşgabatda Goşulyşmazlyk Hereketine agza ýurtlaryň saglygy goraýyş ulgamynda hyzmatdaşlygyna bagyşlanan maslahat geçiriler

  • 25.11.2023 06:32
  • 6.8k+

8-9-njy dekabrda Aşgabatda jemgyýetçilik saglygy goraýyş ulgamynda ýüze çykýan wehimlere taýýarlyk we olara garşy göreşmek meseleleri boýunça Goşulyşmazlyk Hereketine agza ýurtlaryň hyzmatdaşlygyna bagyşlanan maslahat geçiriler. Maslahata taýýarlyk görlüşi barada wise-premýer N.Amannepesow döwlet Baştutanyna hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, ýurdumyzda milli saglygy goraýyş ulgamyny ösdürmäge we bu ulgamda daşary ýurtlar, abraýly halkara, sebit guramalary bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy ýola goýmaga gönükdirilen giň gerimli işler geçirilýär.
Häzirki wagtda maslahata guramaçylykly taýýarlyk işleri alnyp barylýar. Bu maslahat Goşulyşmazlyk Hereketine agza ýurtlaryň lukmançylyk we sanitariýa edaralarynyň wekilleriniň gatnaşmagynda, Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy bilen hyzmatdaşlykda geçiriler. 2023-nji ýylyň möhüm halkara wakasyna öwrüljek bu foruma 30-a golaý döwletden, abraýly halkara guramalardan 60-dan gowrak wekiliň — lukmanlaryň, alymlaryň, bilermenleriň, lukmançylyk bileleşiginiň beýleki wekilleriniň gatnaşmagyna garaşylýar.


düýn 16:30
550

Bilelikdäki türkmen-awstriýa toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi

12-nji iýunda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda Bilelikdäki türkmen-awstriýa toparynyň 13-nji mejlisi geçirildi. Oňa ýurduň döwlet düzümleriniň, işewür toparlarynyň wekilleri hem-de Awstriýa......

düýn 12:20
705

Denizli şäherinde türkmen-türk işewürlik forumy geçirildi

11-nji iýunda Türkiýäniň Denizli şäherinde türkmen-türk işewürlik forumy geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň metbugat gullugy habar berýär....

11.06.2026 22:20
6.7k+

Türkmenistan Maldiwlere özüniň ilkinji ilçisini belledi

Türkmenistanyň Hindistan Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Şalar Geldynazarow, şol bir wagtyň özünde ýurduň Maldiwler Respublikasyndaky diplomatik wekilhanasynyň ýolbaşçysy wezipesine......

11.06.2026 13:44
3.4k+

Daşoguz we Balkan welaýatlarynyň daýhanlary galla oragyna girişdi

Türkmenistanda galla oragy möwsümi işjeň dowam edýär. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň ak pata bermegi bilen, Daşoguz we Balkan welaýatlarynyň ekerançylary hem 10-njy iýunda bu möhüm işe......