Türkmenistanda plastiki hirurgiýa ugry boýunça saglygy goraýyş kömegini bermegiň tertibi tassyklanyldy

  • 24.11.2023 11:28
  • 10k+

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministri plastiki hirurgiýa ugry boýunça saglygy goraýyş kömegini bermegiň tertibini tassyklady. Bu resminama 2023-nji ýylyň 16-njy noýabrynda Türkmenistanyň Adalat ministrligi tarapyndan döwlet belligine alyndy.

Bu resminamada Türkmenistanyň döwlet saglygy goraýyş edaralarynda plastiki hirurgiýa ugry boýunça saglygy goraýyş kömegini bermegiň tertibi düzgünleşdirilýär.
Bellenilişi ýaly, plastiki hirurgiýa ugry boýunça saglygy goraýyş kömegi aşakdaky görnüşlerde berilýär:

  • ilkinji saglygy goraýyş-sanitariýa kömegi;
  • tiz saglygy goraýyş kömegi, şol sanda ýöriteleşdirilen tiz saglygy goraýyş kömegi;
  • ýokary tehnologiýaly kömeginiň ulanylmazlygynda ýöriteleşdirilen saglygy goraýyş kömegi;
  • meýilnamalaýyn kömegi – öňüni alyş çäreleri geçirilen mahalynda, näsagyň janyna we saglygyna howp döretmeýän we bejermegiň belli bir wagta yza süýşürilmegi näsagyň ýagdaýynyň ýaramazlaşmagyna getirmeýän mahalynda we ýagdaýlarda.

Resminama dolulygyna Türkmenistanyň Adalat ministrliginiň Hukuk maglumatlar merkezinde çap edildi.
Doly okamak üçin şu salga basyň.


20.06.2026 12:08
7.6k+

Saç dökülmä garşy täze derman synaga gatnaşanlaryň 80%-ine kömek etdi

Adamzada saç dökülmä eltýän köp sebäpler mälim bolsa-da, bu ýagdaýa garşy netijeli serişdeler gynansak-da, örän az. Geçirilen täze kliniki barlaglaryň dowamynda «VDPHL01» diýlip atlandyrylýan gerdejik......

15.06.2026 12:32
5.8k+

Tomsuň jöwzasynda özüňi goramagyň düzgünleri: türkmen lukmanlarynyň maslahatlary

Tomus möwsümi saglyga aýratyn üns berilmegini talap edýär. Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Saglygy goraýşyň habarlar merkezi tomus möwsümini howpsuz geçirmegiň düzgünlerini......

09.06.2026 23:14
7.7k+

Meşhurlaryň halap geýýän köwşi aýaklarda mesele döredip biler

Lukmanlar «baletka» diýlip atlandyrylýan aýakgaplary uzak wagtlap geýmegiň saglyk üçin howpludygyny duýdurýarlar. Olaryň bellemegine görä, şeýle aýakgaplar dowamly agyrylara we aýagyň şekiliniň üýtgemegine......

08.06.2026 07:29
3.4k+

BSGG Afrikada Ebola garşy göreşmek üçin 518 mln dollar gönükdirer

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy (BSGG) we Afrikanyň keselleri gözegçilikde saklamak we öňüni almak merkezleri Afrikada Ebola gyzzyrmasynyň ýaýramagyna garşy göreşmek üçin 518 million dollarlyk alty aýlyk......