Microsoft özüniň ilkinji prosessorlaryny hödürledi

  • 19.11.2023 20:13
  • 4.9k+

Amazon-dan, Google-dan we Meta-dan soň, Microsoft hut öz ýöriteleşdirilen prosessorlaryny işläp taýýarlamagy karar etdi. Olar neýroulgamlaryny türgenleşdirmek we Azure eýeçilikli bulut serwerlerinde ulanmak üçin niýetlenendir.

Azure Maia AI çipi häzirki wagtda emeli aň okuw ulgamlaryny gurmak üçin iň meşhur çözgüt bolan Nvidia-nyň gyt H100-ine alternatiwa hökmünde göz öňünde tutulýar.
Ony ulanýan ulgamlar, esasanam, GPT modellerini taýýarlamakda OpenAI (Microsoft-yň strategiki hyzmatdaşy) üçin peýdaly bolar. Mundan başga-da, täze önüm öndürilende ChatGPT döredijileriniň islegleri gönüden-göni hasaba alyndy.
Ikinji prosessor ARM arhitekturasy bolan 128 ýadroly Azure Cobalt CPU bolup, ol  bulut hasaplamasy üçin optimallaşdyryldy hem-de öndürijiligi we güýji sarp etmegi deňleşdirmek üçin çeýe mümkinçilikleri bar.
Kompaniýanyň habar bermegine görä, iki çip hem 2024-nji ýylda müşderiler üçin elýeterli bolar. Microsoft olary işläp düzmek bilen bir hatarda, müşderiler tarapyndan talap edilýän meseleler üçin ähli serwer programma üpjünçiligini we enjamlaryny optimizirledi.


25.06.2026 10:21
4.4k+

Özbegistanda emeli aň tutuş mähelläniň meselelerini çözmäge kömek eder

Özbegistanda mähellelerdäki iň derwaýys meseleleri ýüze çykarmak we olary çözmek boýunça çalt çäreleri görmek üçin emeli aň esasly ulgam ornaşdyrylar. Degişli teklipler ýurduň prezidenti Şawkat Mirziýoýewe......

17.06.2026 11:11
1.4k+

Özbegistanda baýragy 100 müň dollara çenli bolan EA startaplarynyň bäsleşigi döredildi

Özbegistanyň Ministrler Kabineti «Emeli aň ulgamynda iň gowy startap» adyny almak ugrundaky her ýylky «President AI Award» bäsleşigini geçirmegiň resminamasyny tassyklady....

16.06.2026 12:35
6.3k+

Hindistanda öý hojalykçy aýallar we işçiler emeli aň üçin wideo düşürip gazanç edýärler

Hindistanda emeli aň robotlaryny gündelik işleriň ýerine ýetirilişini wideo ýazgy etmek arkaly okatmaga kömek edýän işçilere bolan isleg artýar. Şeýle iş üçin maksatnamanyň gatnaşyjylary sagadyna 3 dollardan......

11.06.2026 23:59
7.1k+

Howlukmaçlyk edilipdir: kompaniýalar emeli aň sebäpli boşadan işgärlerini yzyna çagyrýarlar

Işewürlik dünýäsi «EA-bumerang» diýlip atlandyrylýan garaşylmadyk täze bir ýagdaý bilen ýüzbe-ýüz boldy. Emeli aňy ornaşdyrmak we işi awtomatlaşdyrmak üçin işgärlerini köpçülikleýin işden çykaran kompaniýalar......