Serdar Berdimuhamedow Özbegistanyň daşary işler ministri Bahtiýor Saidowy kabul etdi

  • 17.11.2023 22:10
  • 7.6k+

17-nji noýabrda Prezident Serdar Berdimuhamedow Özbegistan Respublikasynyň daşary işler ministri Bahtiýor Saidowy kabul etdi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.

Serdar Berdimuhamedow Özbegistanyň wekiliýetiniň şu gezekki saparynyň netijeli boljakdygyna ynam bildirdi, saparyň dowamynda taraplar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň möhüm meseleleri boýunça pikir alşarlar.
Özbegistan Respublikasy Türkmenistanyň ýakyn goňşusydyr we strategik hyzmatdaşydyr. Biz dostlukly gatnaşyklary ösdürmek bilen, hemişe asyrlaryň dowamynda emele gelen dost-doganlyk hem-de özara düşünişmek ýörelgelerine daýanýarys diýip, döwlet Baştutany aýtdy.
Taraplar oňyn ýagdaýda geçen duşuşygyň barşynda milli bähbitleri hasaba almak bilen, deňhukuklylyk hem-de  özara bähbit esasynda guralýan döwletara dialogynyň okgunly ösdürilýändigini kanagatlanma bilen bellediler.
Nygtalyşy ýaly, köpugurly hyzmatdaşlygyň gün tertibinde söwda-ykdysady gatnaşyklara aýratyn ähmiýet berilýär. Ikitaraplaýyn haryt dolanyşygynyň oňyn ösüş depginini görkezýändigi kanagatlanma bilen bellenildi, ýangyç-energetika, ulag-logistika we oba hojalyk pudaklarynda hyzmatdaşlyk işjeň giňeldilýär. Iki ýurduň sebitleriniň arasynda hyzmatdaşlygyň uly kuwwatyny netijeli peýdalanmak boýunça yzygiderli işler alnyp barylýar.


27.06.2026 19:38
5.2k+

Raşid Meredow ukrain diplomatlary bilen duşuşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Oleksandr Mişenko we Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen......

27.06.2026 19:26
1.9k+

Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi

25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar......

26.06.2026 20:55
3.1k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.4k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......