Raşid Meredow Hytaý Halk Respublikasynyň wekiliýeti bilen söhbetdeşlik geçirdi

  • 16.11.2023 16:40
  • 4.4k+
Şu gün, 16-njy noýabrda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow Hytaýyň Kommunistik Partiýasynyň Merkezi Komitetiniň Syýasy býurosynyň agzasy, Sinzýan-Uýgur awtonom raýonynyň partiýa komitetiniň sekretary Ma Sinžuýyň ýolbaşçylygyndaky  Hytaý Halk Respublikasynyň wekiliýeti bilen söhbetdeşlik geçirdi.

Duşuşygyň barşynda taraplar türkmen-hytaý hyzmatdaşlygynyň meseleleriniň giň geriminiň ileri tutulýan ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar, şeýle hem döwlet Baştutanlarynyň söhbetdeşlikleriniň, hem-de Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Bir guşak, bir ýol” üçünji forumyna gatnaşmak üçin şu ýylyň oktýabr aýynda HHR-na bolan saparynyň dowamyndaky gepleşiklerde gazanylan ylalaşyklaryň  durmuşa geçirlişi barada pikir alyşdylar.
Duşuşykda söwda-ykdysady arabaglanşygyny giňeltmegiň meselelerine aýratyn üns berildi.
Söhbetdeşler bilim, ylym, medeni alyş-çalyş we Türkmenistanda hytaý dilini öwrenmek ugrundaky üstünlikli özara gatnaşyklara üns bermek arkaly, medeni we ynsanperwer ugurlaryň ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň möhüm bölegi bolup durýandygy babatda bir pikirde boldular. Şol bir wagtyň özünde, iki ýurduň ýaşlarynyň arasyndaky gatnaşyklary güýçlendirmegiň ähmiýeti nygtaldy. Şunuň bilen baglylykda, şu günler ýurdumyzyň Mary şäherinde şu ýylyň maý aýynda Sian şäherinde geçirilen “Merkezi Aziýa-Hytaý” formatdaky döwlet baştutanlarynyň sammitinde Türkmenistanyň Prezidentiniň başlangyjy bilen öňe sürlen Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Hytaýyň ýaşlary üçin “Beýik Ýüpek ýolunyň täze döwri” atly Ýaşlar forumy geçirilýär.
Sebitara gatnaşyklary işjeňleşdirmegiň çäklerinde, şol sanda Hytaý Halk Respublikasynyň Sinzýan-Uýgur awtonom raýony bilen oba hojalygy, söwda, energetika, lukmançylyk, bilim, medeniýet we syýahatçylyk pudaklarynda özara gatnaşyklaryň ileri tutulýan ugurlary beýan edildi diýip, Türkmenistanyň DIM-niň Metbugat gullugy habar berdi.


düýn 18:54
2.1k+

Türkmenistanyň DIM-iniň ýolbaşçysy ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň orunbasary bilen duşuşdy

8-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow iş sapary bilen Aşgabada gelen ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň jemgyýetçilik diplomatiýasy boýunça orunbasary Sara Rojers bilen duşuşdy. Bu barada......

düýn 17:39
1.1k+

Türkmenistanyň biržasynda eksport geleşikleriniň bahasy 78,6 mln dollardan geçdi

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda 49 sany geleşik hasaba alyndy. Eksport şertnamalarynyň umumy bahasy 78 million 656 müň ABŞ dollaryndan gowrak boldy....

05.06.2026 17:31
1.7k+

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......

05.06.2026 15:39
2.5k+

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......