Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrligi UNEP bilen özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekişdi

  • 15.11.2023 15:44
  • 5.7k+
Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrligi Birleşen Milletler Guramasynyň Daşky gurşaw boýunça maksatnamasynyň (UNEP) bilen özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekdi. Gol çekmek dabarasy 13-nji noýabrda Türkmenistanyň DIM-niň binasynda geçirildi.
«Bu resminama Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministri Ç.Babanyýazow hem-de UNEP-iň Senagat we ykdysadyýet bölüminiň müdiri Ş.Agarwal-Han gol çekdiler» - diýip, ýurdumyzyň daşary syýasat edarasynyň saýty habar berdi.

Resminamanyň çäklerinde hyzmatdaşlygyň möhüm taraplaryndan biri hökmünde howa bilen bagly tehnologiýalary Türkmenistana we Merkezi Aziýa döwletlerine çekmek üçin düzülen sebitleýin maksatnamalary, şeýle hem Merkezi Aziýa sebitinde innowasiýalary we tehnologiýalary ornaşdyrmak üçin bilelikdäki taslamalary işläp taýýarlamak göz öňünde tutulýar. Mundan başga-da, Ähtnama howa bilen bagly iň täze tehnologiýalar we çözgütler barada bilim alyşmak üçin birnäçe çäreleri öz içine alýar.


düýn 18:54
2.1k+

Türkmenistanyň DIM-iniň ýolbaşçysy ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň orunbasary bilen duşuşdy

8-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow iş sapary bilen Aşgabada gelen ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň jemgyýetçilik diplomatiýasy boýunça orunbasary Sara Rojers bilen duşuşdy. Bu barada......

düýn 17:39
1.1k+

Türkmenistanyň biržasynda eksport geleşikleriniň bahasy 78,6 mln dollardan geçdi

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda 49 sany geleşik hasaba alyndy. Eksport şertnamalarynyň umumy bahasy 78 million 656 müň ABŞ dollaryndan gowrak boldy....

05.06.2026 18:04
5.5k+

Gyrgyzystan ilkinji gezek BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň hemişelik däl agzalygyna saýlandy

Gyrgyzystan öz taryhynda ilkinji gezek BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň 2027–2028-nji ýyllar döwri üçin hemişelik däl agzalygyna saýlandy. Bu barada Guramanyň resmi portalynda habar berildi....

05.06.2026 17:31
1.7k+

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......