Gollandiýanyň Amersfort şäheri Ýewropanyň iň gowy şäheri boldy

  • 13.11.2023 23:21
  • 10k+

Londondaky Urbanizm akademiýasynyň pikiriçe, ýylyň Ýewropa şäheri Niderlandiýanyň Amersfort şäheri boldy. Bu barada aif.ru belleýär.

Bu ady almak ugrundaky göreşde şäher Angliýanyň Ekseter we Ispaniýanyň Estepona şäherinden öňe geçdi. Dogry we delilli saýlaw etmek üçin akademiýanyň wekilleri diňe bir dalaşgär şäherleriň statistikasyny öwrenmän, eýsem şäherleriň her birine baryp, köçelere aýlandylar we şäheriň raýatlarynyň ýaşaýşyny öwrendiler.

“Amersfort awtomobilleriň ulanylyşyny çäklendirmek çärelerinden başlap, dürli we ýokary hilli elýeterli ýaşaýyş jaýlary bilen üpjün etmeklige çenli öz raýatlarynyň abadançylygyna we bagtyna üns berýär” – diýlip, akademiýanyň emin agzalarynyň çözgüdinde aýdylýar.

Uly bolmadyk Amersfort (bu ýerde 150 müňe golaý adam ýaşaýar) gury ýer we suw ýollarynyň çatrygyndaky oba hökmünde müňlerçe ýyl ozalky ýyl ýazgylarynda agzalýar, şäher statusyny bolsa XIII asyrda aldy. Ösüşe we döwrebaplaşdyryşa garamazdan, şäher özüne mahsus aýratynlyklary saklamagy başardy. Şeýle-de, Amersfort şäheriniň häkimi Lukas Bolsuisiň aýtmagyna görä, bir zat – şäherde ýaşaýan adamlar baradaky alada hemişe üýtgewsiz galypdy.


25.06.2026 23:36
5.5k+

Syýahatçylaryňky çüwmedi: Eýfel diňi möhletinden öň ýapyldy

Fransiýadaky aşa yssy howa birnäçe meşhur syýahatçylyk ýerleriniň iş tertibiniň üýtgemegine getirdi. Ilkinjileriň hatarynda adaty wagtyndan öň ýapylan bolsa, Pariždäki Eýfel diňi boldy....

23.06.2026 09:50
5k+

Bir däl, iki däl, bäş esse: Ýaponiýa daşary ýurtlular üçin wiza tölegini galdyrýar

Kyodo agentliginiň habar bermegine görä, Ýaponiýanyň häkimiýetleri daşary ýurtlular üçin wiza tölegini bäş esse köpeltmek kararyna geldiler. Bu ädim inflýasiýanyň ýokarlanmagy we ýenanyň hümmetiniň pese......

22.06.2026 16:31
5.5k+

Wýetnam syýahatçylar üçin ýurda girmegiň düzgünlerini üýtgetdi

22-nji iýundan başlap, Wýetnama girmek üçin syýahatçylardan öňünden elektron geliş kartyny doldurmak talap ediler. Bu barada Russiýanyň Syýahatçylyk operatorlarynyň assosiasiýasy (ATOR) habar berýär....

22.06.2026 14:41
6.2k+

«Çöl arzuwy»: Saud Arabystany sebitde ilkinji ultra-kaşaň otlusyny işe girizýär

2026-njy ýylyň dekabr aýynda Saud Arabystanynda «Dream of the Desert» («Çöl arzuwy») atly otlynyň işe girizilmegi meýilleşdirilýär. Bu Ýakyn Gündogarda syýahatçylyk üçin döredilen ilkinji «ultra-kaşaň» klasly......