Serdar Berdimuhamedow Ýaponiýanyň Türkmenistanda täze bellenen ilçisini kabul etdi

  • 13.11.2023 23:13
  • 4.7k+

13-nji noýabrda Prezident Serdar Berdimuhamedow Ýaponiýanyň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Hirosi Sasakini kabul etdi.

Diplomat ynanç hatyny gowşuryp, döwlet Baştutanyna Ýaponiýanyň Imperatory Naruhitonyň we ýurduň Premýer-ministri Fumio Kisidanyň mähirli salamyny ýetirdi.
Söhbetdeşligiň dowamynda syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlarda iki ýurduň milli bähbitlerini göz öňünde tutmak arkaly netijeli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek bilen baglanyşykly meseleleriň giň toplumy ara alnyp maslahatlaşyldy.
Medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlyk meselelerine degip geçmek bilen, söhbetdeşler Türkmenistanda we Ýaponiýada yzygiderli geçirilýän sergileriň, Medeniýet günleriniň hem-de beýleki medeni çäreleriň döwletara gatnaşyklaryň has-da ösdürilmegi üçin möhüm ähmiýete eýedigini bellediler.
Türkmen hünärmenleriniň we ýaşlarynyň Ýaponiýada bilim almagy hem-de tejribe okuwlaryna gatnaşmagy ýurdumyzyň bilim ulgamyny kämilleşdirmäge gönükdirilen tagallalara oňyn täsir edýär.
Ýurtlarymyzyň arasynda syýasat, söwda we ykdysadyýet, medeniýet, ylym hem-de syýahatçylyk ulgamlarynda ýola goýlan gatnaşyklaryň mundan beýläk-de ösdürilmegi üçin oňaýly mümkinçilikleriň bardygyna hem-de bu gatnaşyklaryň geljekde has-da pugtalandyryljakdygyna berk ynanýaryn diýip, Serdar Berdimuhamedow nygtady.


27.06.2026 19:38
5.3k+

Raşid Meredow ukrain diplomatlary bilen duşuşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Oleksandr Mişenko we Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen......

27.06.2026 19:26
1.9k+

Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi

25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar......

26.06.2026 20:55
3.1k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.4k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......