Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyrdy

  • 11.11.2023 23:25
  • 25k+

Şu gün, 11-nji noýabrda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyrdy. türkmen halkynyň Milli Lideri täze şäheriň  gurluşygynyň ikinji tapgyrynda gurulmagy meýilleşdirilýän dürli maksatly binalaryň şekil taslamalary we täze şäherde   alnyp barylýan işler bilen tanyşdy. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.

Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça Döwlet komitetiniň başlygy D.Orazow Arkadag şäheriniň gurluşygynyň ikinji tapgyrynyň çäklerinde guruljak we durky täzelenjek ulag ýollary, olaryň ýanaşyk ýerleriniň abadanlaşdyrylyşy hem-de Arkadag şäheriniň çägini giňeltmek boýunça meýilleşdirilen işler barada hasabat berdi.
Mundan başga-da, bu ýerde beýleki şaýollaryň durkuny täzelemäge degişli taslamalar, Arkadag şäheriniň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda  ýanýodalaryň we ulag ýollarynyň durkuny täzelemek boýunça meýilleşdirilen işler, Arkadag şäheriniň dolandyryş çägine goşulýan ýer bölekleriniň çyzgylary barada hasabatlar berildi. 
Arkadag şäheriniň häkimi Ş.Durdylyýew «Arkadag şäheriniň dolandyryş çägine üýtgetmeler girizmek hakynda» Türkmenistanyň Mejlisiniň Kararynyň makullanmagy üçin şäher häkimliginiň işgärleriniň we Arkadag şäheriniň ähli  ýaşaýjylarynyň adyndan tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi.
Şeýle hem häkim  täze şäheriň ekologiýa derejesiniň degişli ýagdaýda saklanmagy ugrunda döwlet tarapyndan yzygiderli goldaw berilýändigini nygtap, Türkmenistanyň Prezidentiniň Germaniýa sapara gidip, Arkadag şäheriniň tebigy howa şertlerine laýyk gelýän ekoulaglarynyň aýratynlyklaryny öwrenmek, dünýäniň ösen tejribesini özleşdirmek meselelerini öwrenmäge ygtyýar berendigi üçin döwlet Baştutanymyza hoşallyk bildirdi we öňde goýlan wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmegi ugrunda ähli tagallalaryny gaýgyrmajakdygyna ynandyrdy.
Hasabatyň dowamynda Arkadag şäherine müňlerçe raýatlaryň uly höwes bilen   göçüp gelýändiklerini, bu ýerde adamlaryň amatly ýaşaýşy we doly derejeli dynç alşy üçin ähli şertleriň döredilendigi barada habar berildi. Şeýle hem täze şäherde durmuş düzümine degişli toplumlaryň, mekdepleriň, çagalar baglarynyň, saglyk merkezleriniň, söwda we hyzmatlar ulgamynyň sazlaşykly işiniň ýola goýlandygy barada aýdyldy.


şu gün 19:38
234

Raşid Meredow ukrain diplomatlary bilen duşuşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Oleksandr Mişenko we Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen......

şu gün 19:26
188

Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi

25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar......

düýn 20:55
2.6k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.3k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......