Şu ýylyň noýabrynda Gurtly ýaşaýyş toplumynda täze ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşygy badalga alar

  • 10.11.2023 23:07
  • 24k+

Aşgabat şäheriniň Gurtly ýaşaýyş toplumynda 30 sany 4 gatly 40 öýli we 16 sany 4 gatly 68 öýli ýaşaýyş jaýlaryny, 720 orunlyk orta mekdebi, 320 orunlyk çagalary bagyny, seýilgähi hem-de ýaşaýyş toplumyň  içerki awtomobil ýollarynyň we daşarky eltiji hem-de içerki agyz suw we lagym geçiriji ulgamlaryny gurmak meýilleşdirilýär. Bu barada 10-njy noýabrda Hökümet mejlisiniň barşynda habar berildi.

«Watan» habarlar gepleşiginde bellenilip geçilişi ýaly, Aşgabady ösdürmegiň täzeçil konsepsiýasy üstünlikli durmuşa geçirilýär.
Şunuň bilen baglylykda, Prezident Serdar Berdimuhamedowyň garamagyna «Aşgabat şäherinde döwrebap binalary, desgalary we awtomobil ýollaryny gurmak hakyndaky» Kararyň taslamasy hödürlendi.
Türkmenistanyň Prezidenti bu resminamany makullap, oňa gol çekdi.
Şeýlelikde, Aşgabat şäherinde döwrebap binalary, desgalary ýerli gurluşyk kompaniýalary gurar we bu desgalaryň gurluşygyna 2023-nji ýylyň noýabr aýynda badalga berler.
Binalary, desgalary we awtomobil ýollaryny 2026-njy ýylyň sentýabr aýynda ulanmaga doly taýýar edip tabşyrmak bellenildi.


şu gün 12:20
287

Denizli şäherinde türkmen-türk işewürlik forumy geçirildi

11-nji iýunda Türkiýäniň Denizli şäherinde türkmen-türk işewürlik forumy geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň metbugat gullugy habar berýär....

11.06.2026 22:20
6.4k+

Türkmenistan Maldiwlere özüniň ilkinji ilçisini belledi

Türkmenistanyň Hindistan Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Şalar Geldynazarow, şol bir wagtyň özünde ýurduň Maldiwler Respublikasyndaky diplomatik wekilhanasynyň ýolbaşçysy wezipesine......

11.06.2026 13:44
3.3k+

Daşoguz we Balkan welaýatlarynyň daýhanlary galla oragyna girişdi

Türkmenistanda galla oragy möwsümi işjeň dowam edýär. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň ak pata bermegi bilen, Daşoguz we Balkan welaýatlarynyň ekerançylary hem 10-njy iýunda bu möhüm işe......

11.06.2026 07:42
1.8k+

Türkmenistanyň DIM-inde Finlýandiýanyň we Ýaponiýanyň ilçileri bilen duşuşyklar geçirildi

10-njy iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowanyň gatnaşmagynda daşary ýurtlaryň diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary bilen ikitaraplaýyn duşuşyklar geçirildi.......