Türkmenistanyň DIM-inde «Nippon» gaznasynyň ýolbaşçysy bilen duşuşyk geçirildi

  • 07.11.2023 21:28
  • 2.7k+

Şu gün, 7-nji noýabrda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary M.Bäşimowa Türkmenistana sapar bilen gelen “Nippon” gaznasynyň ýerine ýetiriji direktory Ýuji Mori bilen duşuşdy. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň Metbugat gullugy habar berdi.

Söhbetdeşligiň dowamynda taraplar Türkmenistan bilen Ýaponiýanyň arasynda syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer gatnaşyklar babatynda netijeli hyzmatdaşlygy bellediler.
Dürli ugurlar boýunça özara bähbitli gatnaşyklar barada nygtaldy. Şol bir wagtyň özünde, türkmen tarapy köp ýyllaryň dowamynda öňdebaryjy ýapon kompaniýalarynyň Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň dürli pudaklarynda öndürijilikli işleýändigini belledi.
Şu nukdaýnazardan, taraplar “Nippon” gaznasynyň “JACAFA”, “NipCA”, “Read Japan” we ş.m. taslamalar boýunça Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmegiň we berkitmegiň çäginde birnäçe möhüm ugurlar barada pikir alyşdylar.
Ýaşlar syýasaty ulgamynda taslamalaryň we maksatnamalaryň durmuşa geçirilmegine aýratyn üns berildi.
Söhbetdeşler bilim, ylym, saglygy goraýyş, sport we syýahatçylyk ugurlarynda netijeli özara gatnaşyklaryň ösüşiniň geljekki mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar.


27.06.2026 19:38
5.3k+

Raşid Meredow ukrain diplomatlary bilen duşuşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Oleksandr Mişenko we Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen......

27.06.2026 19:26
1.9k+

Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi

25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar......

26.06.2026 20:55
3.1k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.4k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......