Türkmenistanda Eýranyň täze bellenen ilçisi işläp başlady

  • 07.11.2023 08:47
  • 3.2k+

6-njy noýabrda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky täze bellenen Ilçisi Ali Mojtaba Ruzbehaniden ynanç hatlarynyň nusgalaryny kabul etdi.

Ministr ilçini jogapkärli wezipä bellenmegi bilen gutlady we türkmen tarapynyň diplomatik işini ýerine ýetirmekde doly goldaw we ýardam bermäge taýýardygyny belledi.
Duşuşykda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň esasy ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy, halkara we sebit guramalarynyň çäklerinde hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyna we geljekki mümkinçiliklerine seredilip geçildi. Dünýä we sebit syýasatynyň möhüm meseleleri boýunça pikir alşyldy.
Diplomatlar söwda we ykdysady hyzmatdaşlygyň yzygiderli giňeldilmegini we pugtalandyrylmagyny bellediler we bu ugurda ägirt uly mümkinçilikleriň bardygyny aýtdylar. Ýangyç-energetika toplumy, ulag we logistika, himiýa pudagy, senagat, oba hojalygy, ekologiýa we daşky gurşawy goramak meseleleri ileri tutulýan ugurlar hökmünde kesgitlenildi.
Söhbetdeşler medeni-ynsanperwer ugry boýunça netijeli özara gatnaşyklara ünsi çekdiler diýip, Türkmenistanyň DIM-niň Metbugat gullugy habar berdi.


düýn 18:54
2.1k+

Türkmenistanyň DIM-iniň ýolbaşçysy ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň orunbasary bilen duşuşdy

8-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow iş sapary bilen Aşgabada gelen ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň jemgyýetçilik diplomatiýasy boýunça orunbasary Sara Rojers bilen duşuşdy. Bu barada......

düýn 17:39
1.1k+

Türkmenistanyň biržasynda eksport geleşikleriniň bahasy 78,6 mln dollardan geçdi

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda 49 sany geleşik hasaba alyndy. Eksport şertnamalarynyň umumy bahasy 78 million 656 müň ABŞ dollaryndan gowrak boldy....

05.06.2026 17:31
1.7k+

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......

05.06.2026 15:39
2.5k+

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......