Gurbanguly Berdimuhamedow Gazagystana iş saparyny tamamlady

  • 03.11.2023 21:33
  • 13k+

Şu gün, 3-nji noýabrda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Astana iş saparynyň çäklerinde Türki Döwletleriň Guramasynyň döwlet Baştutanlarynyň X  Sammitiniň kabul edişligine gatnaşdy.

Gazagystan Respublikasyna iş saparynyň maksatnamasy tamamlanandan soňra, Gurbanguly Berdimuhamedow Astananyň Nursultan Nazarbaýew adyndaky Halkara howa menziline ugrady.
Bu ýerde türkmen halkynyň Milli Liderini Gazagystanyň Premýer-ministri Alihan Smailow we doganlyk ýurduň beýleki resmi adamlary ugratdylar.
Birnäçe wagtdan soňra, Gurbanguly Berdimuhamedowyň uçary Aşgabadyň Halkara howa menziline gondy.
Howa menzilinde Gurbanguly Berdimuhamedow Gazagystan Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi bilen söhbetdeş boldy.


şu gün 07:51
1.2k+

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Pekinde geçirilýän okuw maslahatyna gatnaşýar

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Hytaý Halk Respublikasynyň Halk wekilleriniň Ählihytaý ýygnagynyň hemişelik komiteti tarapyndan Pekin şäherinde 22-28-nji iýun aralygynda guralýan «Kanun çykaryjy edaralaryň......

düýn 23:05
1.7k+

Raşid Meredow diplomatik işini tamamlaýan Germaniýanyň ilçisi bilen duşuşdy

24-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Bernd Haýns bilen duşuşyk geçirdi. Bu duşuşyk......

düýn 16:45
989

Türkmenistanyň wekiliýeti Wenada OPEK Gaznasynyň Ösüş forumyna gatnaşýar

23-nji iýunda Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň müdiriýetiniň başlygy Rahymberdi Jepbarowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti Awstriýanyň Wena şäherinde geçirilýän OPEK Gaznasynyň......

23.06.2026 22:17
2.1k+

Türkmenistan we Ýewropa Bileleşigi adam hukuklaryny goramak meselelerini maslahatlaşdy

22-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasynda Adam hukuklary boýunça 18-nji Dialog geçirildi. Mejlise ýurduň degişli ministrlikleriniň we......