Türkmenistan we Özbegistan hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça bilelikdäki çäreleriň Meýilnamasyna gol çekdiler

  • 02.11.2023 15:35
  • 6.1k+

Türkmenistanyň we Özbegistanyň Daşary işler ministrleri R.Meredow we B.Saidow Aşgabatda 2023-2024-nji ýyllar üçin Türkmenistan bilen Özbegistan Respublikasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek boýunça bilelikdäki çäreleriň Meýilnamasyna («Ýol kartasyna») gol çekdiler.

«Ýol kartasy» Türkmenistan bilen Özbegistan Respublikasynyň arasynda ýokary derejeli saparlaryň dowamynda gazanylan şertnamalaryň we ylalaşyklaryň amaly taýdan ýerine ýetiriliş möhletini kesgitlemek üçin işlenilip düzüldi diýip, Türkmenistanyň DIM-niň Metbugat gullugy habar berýär.
Resminama, syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ugurlarda bilelikdäki hereketleri hem-de energetika, ulag-logistika, şeýle hem suw hojalygy pudagy we daşky gurşawy goramak ýaly möhüm ugurlary göz öňünde tutýar.


düýn 19:01
969

Aşgabatda sanly söwdany we elektron täjirçiligi ösdürmegiň strategiýasy maslahatlaşyldy

11-nji we 12-nji maýda Aşgabatda Halkara söwda merkeziniň (HSM) sanly söwdany we elektron täjirçiligi düzgünleşdirmäge bagyşlanan iki okuw maslahaty geçirildi....

11.05.2026 22:55
1k+

Geçen hepde biržada geleşikleriň jemi bahasy 11 mln 375 müň ABŞ dollaryna deň boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 17-si hasaba alyndy. Bu barada TDH habar berýär....

06.05.2026 20:34
10k+

Zaha Hadid Architects kompaniýasynyň wekilleri «Ak şäherim Aşgabat 2026» forumyna gatnaşar

Zaha Hadid Architects binagärlik býurosynyň wekilleriniň 24-25-nji maýda Türkmenistanyň paýtagtynda geçiriljek «Ak şäherim Aşgabat 2026» XXV halkara sergisine we maslahatyna gatnaşmagyna garaşylýar. Bu barada......

03.05.2026 15:54
2.5k+

Türkmenistanyň ilçisi Türkiýäniň Palatalar we biržalar birleşiginiň ýolbaşçysy bilen duşuşdy

1-nji maýda Türkmenistanyň Türkiýedäki ilçisi Mekan Işangulyýew Türkiýe Respublikasynyň Palatalar we biržalar birleşiginiň başlygy Rifat Hisarjyklyoglu bilen duşuşyk geçirdi. Taraplar söwda-ykdysady......