Türkmenistanyň Prezidenti Täjigistan Respublikasynyň daşary işler ministrini kabul etdi

  • 01.11.2023 23:53
  • 1.9k+

1-nji noýabrda Prezident Serdar Berdimuhamedow «Merkezi Aziýa – Koreýa Respublikasy» 16-njy Hyzmatdaşlyk forumyna gatnaşmak üçin paýtagtymyza gelen Täjigistan Respublikasynyň daşary işler ministri Sirojiddin Muhriddini kabul etdi.

Döwlet Baştutany we Täjigistanyň daşary işler ministri ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň meselelerine degip geçmek bilen, biziň ýurtlarymyzyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň deňhukuklylyk, birek-birege hormat goýmak hem-de ynanyşmak ýörelgelerine esaslanýandygyny bellediler.
Duşuşygyň dowamynda iki ýurduň halkara giňişliginde hyzmatdaşlygyň oňyn häsiýeti kanagatlanma bilen nygtaldy. Hususan-da, iri halkara guramalarynyň hem-de köptaraplaýyn formatlaryň çäklerinde netijeli hyzmatdaşlygyň ýola goýlandygy bellenildi.
Ýokary depginde ösdürilýän söwda-ykdysady, medeni we ylym-bilim gatnaşyklarynyň ýokary derejesini nygtap, döwlet Baştutany Türkmenistanyň geljekde hem iki doganlyk halkyň bähbidine Täjigistan Respublikasy bilen oňyn hyzmatdaşlygy ösdürmäge ygrarlydygyny tassyklady.


düýn 19:38
3k+

Raşid Meredow ukrain diplomatlary bilen duşuşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Oleksandr Mişenko we Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen......

düýn 19:26
1.2k+

Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi

25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar......

26.06.2026 20:55
2.8k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.3k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......