Türkmenistanyň we Gazagystanyň Daşary işler ministrlikleri 2024-2026-njy ýyllar üçin hyzmatdaşlygyň maksatnamasyna gol çekdiler

  • 01.11.2023 11:48
  • 4.7k+

Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi bilen Gazagystan Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň arasynda 2024-2026-njy ýyllar üçin hyzmatdaşlygyň maksatnamasyna gol çekildi. Degişli resminama syýasy-diplomatik gatnaşyklary mundan beýläkde işjeňleşdirmek maksady bilen 30-njy oktýabrda wise-premýer, Daşary işler ministri Raşid Meredowyň we Aşgabada resmi sapar bilen gelen Gazagystan Respublikasynyň Premýer-ministriniň orunbasary, Daşary işler ministri Murat Nurtleunyň arasynda geçirilen gepleşikleriň jemleri boýunça kabul edildi. Bu barada ýurdumyzyň DIM-i habar berdi.

Duşuşykda R.Meredow häzirki wagtda Türkmenistan bilen Gazagystanyň arasyndaky gatnaşyklar strategik häsiýete eýe bolmak bilen, hil taýdan täze derejä çykandygy barada belledi. Taraplaryň umumy pikirine görä, döwletleriň arasyndaky özara gatnaşyklaryň işjeňleşdirilmeginde ýokary derejedäki duşuşyklary uly orna eýedir. Şunuň bilen baglylykda, 2021-nji ýylyň oktýabrynda Gazagystan Respublikasynyň Prezidentiniň Türkmenistana we 2022-nji ýylyň oktýabrynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Gazagystana amala aşyran döwlet saparlarynyň barşynda gazanylan ylalaşyklarynyň ýerine ýetirilmegine aýratyn üns çekildi.
Parlamentara hyzmatdaşlygynyň yzygiderli ösüşine üns çekilip, taraplar öňümizdäki ýylda türkmen-gazak parlamentara dostluk toparynyň mejlisiniň geçirilmeginiň maksadalaýykdygyny nygtadylar.
Diplomatlar sebit we halkara gün-tertibi boýunça pikir alyşyp, taraplaryň bular baradaky pikirleriniň gabat gelýändigini ýa-da meňzeşdigini bellediler.
Ministrler iki döwletiň daşary syýasat edaralarynyň ugry boýunça hyzmatdaşlygyň depginini artdyrmagy ylalaşdylar.
Hazar deňziniň meseleleri boýunça şeýle-hem Araly halas etmegiň halkara gaznasynyň çäklerinde hyzmatdaşlygyň ugurlaryna aýratyn üns çekildi.
Söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň yzygiderli ösüşe eýe bolýandygy bellemek bilen, taraplar bu ugurdaky tagallalary işjeňleşdirmegi we söwda dolanyşygynyň möçberleriniň hem-de harytlaryň görnüşleriniň artdyrylmagy boýunça bilelikdäki hereketleriň ýola goýulmagyny ylalaşdylar. Bu babatynda Türkmenistan bilen Gazagystanyň arasyndaky harytlaryň alyş-çalyş giňeltmek boýunça bilelikdäki toparyň işiniň we işewürlik ugry boýunça wekilýetleriň saparlarynyň gurnalmagy esasynda amala aşyrylmalydygy bellenildi. Şunuň bilen baglylykda, ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-gazak hökümetara toparynyň işine aýratyn orun degişlidigi bellenildi.
Taraplar ýangyç-energetika toplumynda, nebit-gaz we himiýa senagatynda, dokma pudagynda, ekologiýa we daşky gurşawy goramak ulgamynda, sebitde suw serişdelerini rejeli ulanmakda, oba hojalygynda, ulag we logistikada, aragatnaşyk hem-de telekommunikasiýa ulgamynda hyzmatdaşlygyň esasy ugurlaryny hem-de mümkinçiliklerini kesgitlediler.


şu gün 18:54
1.7k+

Türkmenistanyň DIM-iniň ýolbaşçysy ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň orunbasary bilen duşuşdy

8-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow iş sapary bilen Aşgabada gelen ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň jemgyýetçilik diplomatiýasy boýunça orunbasary Sara Rojers bilen duşuşdy. Bu barada......

şu gün 17:39
967

Türkmenistanyň biržasynda eksport geleşikleriniň bahasy 78,6 mln dollardan geçdi

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda 49 sany geleşik hasaba alyndy. Eksport şertnamalarynyň umumy bahasy 78 million 656 müň ABŞ dollaryndan gowrak boldy....

05.06.2026 17:31
1.7k+

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......

05.06.2026 15:39
2.5k+

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......