Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisini geçirdi

  • 01.11.2023 10:17
  • 13k+

31-nji oktýabrda türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisini geçirdi. Mejlisiň dowamynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň 24-nji sentýabrda bolan taryhy mejlisinden soňra geçirilen işleriň netijeleri, şeýle hem geljek üçin wezipeler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Häzirki döwürde milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynda bolşy ýaly, ýokarda agzalan ulgamlarda hem olary kämilleşdirmäge, dolandyryş düzümlerini, degişli kanunçylyk-hukuk binýadyny döwrebaplaşdyrmaga gönükdirilen toplumlaýyn işler amala aşyrylýar.
Wise-premýer N.Amannepesow Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň serişdeleriniň hasabyna näsag çagalara operasiýalaryň we bejergileriň geçirilendigini hem-de bu işleriň netijeli dowam etdirilýändigini aýtdy.
Hususy önüm öndürijileriň ýurdumyzyň eksport ulgamynyň artmagyna mynasyp goşant goşýandygyny belläp, wise-premýer B.Atdaýew bu işleri mundan beýläk-de ösdürmek, daşary ýurtlara iberilýän önümleriň mukdaryny artdyrmak ugrunda maksatnamalaýyn işleriň yzygiderli dowam etdirilýändigini nygtady.
Şeýle hem bilelikdäki ulag-logistika merkezlerini döretmek, häzirki zaman ulag düzümlerini netijeli we doly kuwwatynda ulanmak ugrunda toplumlaýyn işleriň amala aşyrylýandygy barada giňişleýin maglumatlar berildi.
Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, goranmak ministri B.Gündogdyýew çagyryş boýunça harby gullugy geçýän harby gullukçylary harby gullukdan boşatmak we raýatlaryň harby gulluga nobatdaky çagyrylyşy boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.
Gurbanguly Berdimuhamedow mejlisde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň taryhy mejlisinde Garaşsyz döwletimiziň ösüşinde gazanylan üstünlikleriň, ýetilen sepgitleriň, ýerine ýetirilen işleriň jeminiň jemlenendigini belledi. Şeýle hem döwrüň talaplaryndan, täze ykdysady şertlerden ugur alyp, täze taryhy döwürde öňümizde durýan möhüm wezipeler ara alnyp maslahatlaşyldy.


düýn 19:38
2.8k+

Raşid Meredow ukrain diplomatlary bilen duşuşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Oleksandr Mişenko we Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen......

düýn 19:26
1.2k+

Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi

25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar......

26.06.2026 20:55
2.8k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.3k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......