Täze gözlegler Ýeriň stratosferasynyň kosmos zibilinden metal bölejikler bilen hapalanandygyny görkezdi

  • 30.10.2023 15:04
  • 12k+

Ýeriň atmosferasy atmosfera girende ýanýan kosmos zibiliniň galyndylary sebäpli hapalanma sezewar bolan. Bu hapalanmanyň derejesi garaşylandan has ýokary bolup çykdy we, ähtimal, ol ýakyn onýyllyklarda çalt ýokarlanar. Muny Milli umman we atmosfera gözlegleri edarasynyň stratosfera proseslerini öwrenmek boýunça missiýasynyň çäklerinde geçirilen gözleg görkezdi diýip, ixbt.com habar berýär.

Gözlegçiler topary Ýeriň üstünden 12 km-den 50 km çenli belentlikde ýerleşýän, atmosferanyň ikinji gatlagy bolan stratosferada aerozollary ýygnamaga we seljermäge ukyply gözleg uçaryna ýörite enjam oturtdylar. Gözlegiň maksady ýanan kosmos galyndylaryndan “meteor tozany” bilen örtülen aerozollary tapmakdy. Ýöne munuň deregine topar atmosferany hapalaýan we tebigy prosesler ýa-da meteoritler bilen düşündirip bolmaýan metal elementleriniň ýokary derejesini ýüze çykardy.
Aýratynam, niobiý we gafniý haýran galdyrdy – bularyň ikisi-de akkumulýator ýaly tehnologiki komponentlerde ulanylýan seýrek toprak metallarydyr. Alýumininiň, misiň we litiniň hem ýokary derejesi gözlegçileri alada goýdy.
Ahyrky netijede, hapalanmanyň sebäbiniň ýokary öndürijilikli erginleri we gyzgyna çydamly materiallary döretmek üçin alýuminiý, mis, niobiý we gafniý ulanýan kosmos senagatydygy anyklanyldy. Gözlegiň çäklerinde Ýeriň atmosferasynda ýok bolan 20 dürli metal, şol sanda kümüş, demir, gurşun, magniý, titan, berilliý, hrom, nikel we sink ýüze çykaryldy. Gözlegçiler hapalanmanyň esasy çeşmesiniň atmosferanyň ýokarky gatlaklaryna ýetilenden soň taşlanýan raketa güýçlendirijilerdigini çaklaýarlar.


şu gün 20:00
451

Atoma we aýnalara esaslanan ilkinji dolulygyna awtonom kwant sagatlary döredildi

Alymlar daşky utgaşdyrmasyz wagty ölçemäge ukyply bolan, ilkinji dolulygyna awtonom kwant sagadynyň nazary modelini işläp düzdüler....

şu gün 17:07
512

Elektromagnit impulslary deňiz jandarlarynyň ömrüni uzaltmaga kömek etdi

Gysga wagtlyk elektrik impulslarynyň yzygiderli täsir etdirilmegi deňiz jandarlary bolan assidiýalaryň saglygynyň uzak wagtlap gowulanmagyna we olaryň ömrüniň ep-esli uzalmagyna getirýär. Amerikaly alymlaryň......

04.06.2026 19:55
5.6k+

Günde bolup geçen ýokary derejeli X partlamasy Ýerde magnit tupanlaryny güýçlendirer

3-nji iýunda Günde birnäçe güýçli partlama bolup gecdi, şondan soň birnäçe plazma buludy Ýere tarap ugur aldy. Alymlar olaryň özara täsiriniň planetanyň magnitosferasyna güýçli täsir edip biljekdigini......

04.06.2026 18:07
6.8k+

Özbegistanda tapylan gadymy çaga kelleçanagynda operasiýa yzy ýüze çykaryldy

Özbegistanly we italiýaly alymlar gadymy gonamçylykda kelleçanagy deşilen bäş ýaşly çaganyň galyndylaryny tapdylar. Barlagçylar bu operasiýany Merkezi Aziýanyň çäginde mälim bolan iň gadymy, şeýle-de tutuş......