Halk Maslahatynyň Başlygy Türkmenistanyň Prezidentini Türkmen alabaýynyň baýramy bilen gutlady

  • 30.10.2023 12:14
  • 5.9k+

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowy Türkmen alabaýynyň baýramy mynasybetli gutlady.

«Siziň milli gymmatlyklarymyzy giňden wagyz etmek boýunça alyp barýan maksatnamalaýyn we netijeli işleriňiz biziň edermen, wepaly, kuwwatly alabaýlarymyzyň dünýädäki şöhratynyň belende galmagyna ýardam edýär. Gorky-ürkini bilmeýän namysjaň goragçy — türkmen alabaýy itleriň iň gadymy tohumlarynyň biri hasaplanýar» - diýlip, Gutlagda aýdylýar.
«Siziň baştutanlygyňyzda ýurdumyzda itşynaslyk sungatyny ösdürmek üçin ýörite hünärmenleri taýýarlamak boýunça hem yzygiderli işler alnyp barylýar. Halkara «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasynyň toplumynda türkmen alabaýlarynyň halkara bäsleşiklerini geçirmek üçin ähli zerur şertler döredildi. Siziň kabul eden resminamaňyz esasynda Türkmen alabaýynyň baýramy mynasybetli «Ýylyň türkmen edermen alabaýy» atly halkara bäsleşigiň hem-de türkmen alabaý itleriniň daşky keşbini şekillendiriş we amaly-haşam sungaty eserlerinde, neşir önümlerinde, fotosuratlarda, teleýaýlymlarda çeper beýan etmek ugrunda halyçylaryň, suratkeşleriň, heýkeltaraşlaryň, fotosuratçylaryň, neşirýat işgärleriniň we teleoperatorlaryň arasynda bäsleşikleriň geçirilmegi türkmen alabaýynyň jemgyýetimizdäki we halkara giňişlikdäki ähmiýetini has-da şöhratlandyrýar» diýip, Gurbanguly Berdimuhamedow belleýär.


düýn 22:11
831

Tähranda Magtymguly Pyragynyň mirasyna bagyşlanan maslahat geçirildi

16—17-nji iýun aralygynda Tähran şäherinde beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň ömrüne hem-de döredijiligine bagyşlanan birnäçe çäreler geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler......

17.06.2026 11:24
6k+

Türkmenistanda diňe ene süýdi bilen iýmitlendirmegi goldamak boýunça kampaniýa başlandy

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy hem-de ÝUNISEF çagalary ömrüniň......

15.06.2026 22:10
3.8k+

Türkmenistanly küştçi gyz Aktobedäki ýaryşda zenanlaryň arasynda iň ökdesi boldy

Türkmenistanly küştçi Mähri Agamyradowa Gazagystanyň Aktobe şäherinde 3—11-nji iýun aralygynda geçirilen «Wladimir Dworkowiçiň memorialy — Aktobe Open 2026» halkara ýaryşynda zenanlaryň arasynda iň gowusy......

15.06.2026 21:13
4k+

Türkmenistanda A.S.Puşkiniň ertekilerinden el haly dokaldy

Türkmenistanyň «El Darak» haly kärhanasy Türkmen halysynyň milli muzeýi bilen hyzmatdaşlykda beýik rus şahyry Aleksandr Sergeýewiç Puşkiniň ertekileriniň esasynda özboluşly el halyny dokady. Bu taslama......