Türkmenistan bilen Türkiýäniň haryt dolanyşygy 2023-nji ýylda 2,1 milliard dollardan geçdi

  • 29.10.2023 16:08
  • 7.8k+

2023-nji ýylyň geçen 9 aýynda Türkmenistan bilen Türkiýäniň özara söwda dolanyşygy 2,1 milliard amerikan dollaryna ýetdi. Bu geçen ýylyň tutuş dowamyndaky görkezijiden hem ýokarydyr. Bu barada Türkiýe Respublikasynyň wise-prezidenti Jewdet Ýylmaz mälim etdi diýip, “Türkmenistan” gazeti habar berýär.

Degişli döwürde özara söwdanyň möçberiniň 16 göterimini elektronika, 10 göterimini metal önümleri, 8 göterimini senagat tehnikalary we ätiýaçlyk şaýlary, 5 göterimini senagat tehnikalary, 4 göterimini hem önümçilik serişdeler eýeledi. Umumylykda, iki ýurt söwda babatda 5 milliarda amerikan dollary görkezijisine ýetmegi maksat edinýär.
Türkiýeli işewürler Türkmenistanda umumy bahasy 50 milliard amerikan dollarlyk 1 müňe golaý taslamany durmuşa geçirdiler. Bu görkeziji türk işewürleriniň daşary ýurtlarda durmuşa geçiren taslamalarynyň jemi möçberiniň 11 göterimini düzýär. Türk işewürleri Türkmenistanda iň köp taslamalary ýerine ýetiren ýurtlaryň içinde Russiýadan soň ikinji ýeri eýeleýär.
Türkiýäniň wise-prezidentiniň sözlerine görä, türk işewürleri türkmen kärdeşleri bilen täze taslamalary, şol sanda Arkadag şäheriniň ikinji tapgyryny gurmak boýunça taslamalary ýerine ýetirmäge gyzyklanma bildirýär.


düýn 19:38
3.8k+

Raşid Meredow ukrain diplomatlary bilen duşuşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Oleksandr Mişenko we Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen......

düýn 19:26
1.4k+

Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi

25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar......

26.06.2026 20:55
2.9k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.3k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......