Alymlar üljäniň şäniginiň garramagy haýalladýandygyny ýüze çykardylar

  • 28.10.2023 15:51
  • 19k+

Miçigan döwlet uniwersitetiniň alymlary ýüz üçin ideg kosmetikalarynda ülje şänigini peýdalanmagyň usulyny tapdylar. Ülje şäniginiň ekstraktynyň garramagy haýallatmaga we deriniň saglygyny gowulaşdyrmaga ukyplydygy ýüze çykaryldy.

Ülje azyk senagatynda şireleri, turşy erginleri we çakyr öndürmek üçin ulanylýar. Üljäniň şänigi ýaly galyndy önümleriň hemmesi diýen ýaly ýakylýar ýa-da zyňylýar. Bu bolsa topragyň, suwuň we howanyň hapalanmagyna sebäp bolup biler.
Alymlar şeýle galyndylary peýdalanmaga synanyşdylar. Üljäniň şänigi arassalandy, peçde guradyldy we toz ýagdaýa getirildi. Soňra alymlar erginden ýa-da gury garyndydan käbir maddalary döretdiler.
Alnan ekstraktyň antioksidantlara we polifenollara baýdygy anyklandy. Antioksidantlar bedende oksidlendiriji proseslere garşy göreşýän molekulalardyr. Olar garrylygy çaltlaşdyrýan erkin radikallar tarapyndan zeper ýeten molekulalary dikeldýärler (oksidlendiriji stres derejesini peseldýärler). Oksidlendirijji stres daşky gurşawyň hapalanmagy we ultramelewşe şöhleleriniň uzak wagtlap täsir etmegi sebäpli döräp biler.
Polifenollaryň antioksidant häsiýetleri hem bar. Mundan başga-da, olar çişi aýyrmaga ukyplydyr.
Alymlar ýüz üçin ýapgylaryň düzüminde şeýle ekstraktyň ulanylmagynyň dermatologiki keselleriň, ir garramagyň, psoriazyň we hatda rak keseliniň öňüni alyp biljekdigini bellediler.


20.06.2026 12:08
7.7k+

Saç dökülmä garşy täze derman synaga gatnaşanlaryň 80%-ine kömek etdi

Adamzada saç dökülmä eltýän köp sebäpler mälim bolsa-da, bu ýagdaýa garşy netijeli serişdeler gynansak-da, örän az. Geçirilen täze kliniki barlaglaryň dowamynda «VDPHL01» diýlip atlandyrylýan gerdejik......

15.06.2026 12:32
5.8k+

Tomsuň jöwzasynda özüňi goramagyň düzgünleri: türkmen lukmanlarynyň maslahatlary

Tomus möwsümi saglyga aýratyn üns berilmegini talap edýär. Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Saglygy goraýşyň habarlar merkezi tomus möwsümini howpsuz geçirmegiň düzgünlerini......

09.06.2026 23:14
7.7k+

Meşhurlaryň halap geýýän köwşi aýaklarda mesele döredip biler

Lukmanlar «baletka» diýlip atlandyrylýan aýakgaplary uzak wagtlap geýmegiň saglyk üçin howpludygyny duýdurýarlar. Olaryň bellemegine görä, şeýle aýakgaplar dowamly agyrylara we aýagyň şekiliniň üýtgemegine......

08.06.2026 07:29
3.4k+

BSGG Afrikada Ebola garşy göreşmek üçin 518 mln dollar gönükdirer

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy (BSGG) we Afrikanyň keselleri gözegçilikde saklamak we öňüni almak merkezleri Afrikada Ebola gyzzyrmasynyň ýaýramagyna garşy göreşmek üçin 518 million dollarlyk alty aýlyk......