Türkmenistanyň wekiliýeti Ženewada ilat we ösüş boýunça sebit maslahatyna gatnaşdy

  • 22.10.2023 08:26
  • 5.1k+

19-20-nji oktýabrda Ženewada Türkmenistanyň saglygy goraýyş we derman senagaty ministri A.Germanowyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Birleşen Milletler Guramasynyň Ýewropa ykdysady komissiýasynyň (UNECE) hem-de BMG-niň Ilat gaznasynyň (UNFPA) guramagynda geçirilen “Ilat we ösüş: hukuklaryň we saýlawyň üpjün edilmegi” atly sebit maslahatynyň işine gatnaşdy.

Türkmenistanyň DIM-niň Metbugat gullugynyň habar bermegine görä, maslahatyň dowamynda BMG-niň Ýewropa ykdysady komissiýasy tarapyndan bäş ýyllyk döwürleýin syn gatnaşyjylaryň dykgatyna ýetirildi, şeýle hem çäräniň mowzugy bilen baglylykda, ozal taýýarlanan döwürleýin hasabatlaryň esasynda ýurtlar tarapyndan bu ugurdan durmuşa geçirilýän strategiýalar we düzülen maksatnamalar,  ýetilen sepgitler ara alnyp maslahatlaşyldy.
Türkmenistanyň wekiliýetiniň ýolbaşçysynyň çykyşynda ýurdumyzda ilat we saglygy goraýyş pudagynda yzygiderli durmuşa geçirilýän döwlet maksatnamalar, enäniň we çaganyň saglygyny goramak ugrunda, şol sanda, ýokary hilli derman serişdelerini we enjamlaryny satyn almak arkaly reproduktiw saglygy ugrunda hödürlenýän hyzmatlaryň hilini ýokarlandyrmakda gazanylan üstünlikler barada, şeýle hem döwlet meýilnamalaşdyryş işlerinde uly ähmiýete eýe bolan 2022-nji ýylda geçirilen ilat we ýaşaýyş jaý gorunyň uçdantutma ýazuwy barada bellenilip geçildi.
20-nji oktýabrda saparyň çäklerinde türkmen wekiliýetiniň BMG-niň Ilat gaznasynyň Ýerine ýetiriji direktorynyň orunbasary Diena Keýt bilen duşuşygy geçirildi, onuň dowamynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy we ýakyn geljek üçin ileri tutulýan ugurlar kesgitlenildi.


düýn 16:30
543

Bilelikdäki türkmen-awstriýa toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi

12-nji iýunda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda Bilelikdäki türkmen-awstriýa toparynyň 13-nji mejlisi geçirildi. Oňa ýurduň döwlet düzümleriniň, işewür toparlarynyň wekilleri hem-de Awstriýa......

düýn 12:20
705

Denizli şäherinde türkmen-türk işewürlik forumy geçirildi

11-nji iýunda Türkiýäniň Denizli şäherinde türkmen-türk işewürlik forumy geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň metbugat gullugy habar berýär....

11.06.2026 22:20
6.7k+

Türkmenistan Maldiwlere özüniň ilkinji ilçisini belledi

Türkmenistanyň Hindistan Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Şalar Geldynazarow, şol bir wagtyň özünde ýurduň Maldiwler Respublikasyndaky diplomatik wekilhanasynyň ýolbaşçysy wezipesine......

11.06.2026 13:44
3.4k+

Daşoguz we Balkan welaýatlarynyň daýhanlary galla oragyna girişdi

Türkmenistanda galla oragy möwsümi işjeň dowam edýär. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň ak pata bermegi bilen, Daşoguz we Balkan welaýatlarynyň ekerançylary hem 10-njy iýunda bu möhüm işe......