Alymlara ilkinji gezek ösümlikleriň özara aragatnaşyk saklaýandyklaryny hasaba almak başartdy

  • 20.10.2023 09:53
  • 10k+

Saýtama uniwersitetiniň ýapon alymlary ilkinji gezek uçujy organiki birleşmeleriň (UOB) zyňyndylary arkaly ösümlikleriň arasyndaky aragatnaşygy wizuallaşdyrdylar. Bu gözleg «Nature Communications» (NatComms) ylmy žurnalynda çap edildi.

UOB arkaly ösümlikleriň arasynda howa aragatnaşygy hadysasy ilkinji gezek 1983-nji ýylda hasaba alnypdy. Zyýan berijiler hüjüm edende, ösümlik käbir maddalary howa arkaly geçirmek bilen, beýleki ösümliklere howp abanýandygyny habar berýär. Şeýle-de bolsa, soňky 40 ýylda biologlar ösümlikleriň bu signallara molekulýar derejede nähili jogap berýändigini anyklap bilmediler.
Professor Masasugu Toýotanyň ýolbaşçylygyndaky gözleg topary ösümlikleriň UOB-lary nädip bölüp çykarýandygyny we kabul edýändigini hakyky wagtda wizuallaşdyrmagy başardylar.
Alymlar sagdyn ösümlikleriň zeper ýeten goňşularyndan ýörite belok sensorlaryny ulanyp duýduryş signallaryny kabul edýändigini anykladylar. «Biziň görüşimiz üçin gizlin bolan bu aragatnaşyk ulgamy goňşy ösümlikleriň howp abanmagyndan öz wagtynda goralmagynda möhüm rol oýnaýar» diýip, professor Toýota belleýär.


düýn 20:31
2.7k+

Rekord derejeli magnit tupany Ýeriň öz goragyny nädip gowşadýandygyna düşünmäge kömek etdi

2024-nji ýylyň maýynda planeta inen we soňky ýigrimi ýylda iň güýçlüsi bolan magnit tupany ýaponiýaly fiziklere möhüm açyş etmäge kömek etdi. Alymlar geomagnit tolgunmalary wagtynda Ýeriň tebigy magnit......

27.06.2026 10:53
2k+

Pagta süýjüsinden hem ýeňil: NASA aşa ýeňil bolan iki ekzoplanetany açdy

NASA-nyň TESS kosmos obserwatoriýasy ýerdäki teleskoplar bilen bilelikde dykyzlygy adatdan daşary pes bolan iki sany ekzoplanetany ýüze çykardy. Olar bir ulgamda ýerleşip, özara orbital täsirler arkaly......

27.06.2026 09:54
5.1k+

Alymlar: ýaşlar häzirki wagtda öňkä garanyňda has çalt garraýar

Nature Medicine žurnalynda çap edilen täze gözleg häzirki ýaş nesliň özlerinden öňki nesillere garanyňda, şol bir ýaşda has ýokary biologiki ýaşda bolup biljekdigini görkezdi....

26.06.2026 23:37
4.8k+

Alymlar Ýerdäki iň gadymy krateriň ýaşyny takyklady

Kertin uniwersitetiniň we Günbatar Awstraliýanyň Geologik gullugynyň alymlary Ýerde mälim bolan iň gadymy krateriň ýaşynyň, takmynan, 3 milliard ýyla deňdigi baradaky netijä geldi. Bu ylmy işiň netijeleri......