Türkmenistanyň Saglygy goraýyş ministrligi möwsümleýin keselleriň öňüni almak bilen bagly käbir buýruklary güýjüni ýitiren diýip ykrar etdi

  • 19.10.2023 19:48
  • 13k+

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi ilatyň arasynda möwsümleýin ýokanç keselleriň öňüni almak üçin wagtlaýyn hökmany çäreleri girizmek bilen baglanyşykly kabul edilen buýruklary güýjüni ýitiren diýip yglan etdi.

Degişli resminamanyň teksti Türkmenistanyň Adalat ministrliginiň hukuk maglumatlar merkezinde çap edildi. Resminama bilen dolulygyna şu salgyda tanşyp bilersiňiz.
Resminama laýyklykda, Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi 2020-nji ýylda «Ilatyň arasynda möwsümleýin ýokanç keselleriň öňüni almak üçin wagtlaýyn hökmany çäreleri girizmek barada» kabul edilen 237 belgili buýrugy we 2022-nji ýylda kabul edilen ýokarda görkezilen resmanama üýtgetmeler girizmek hakyndaky 245 belgili buýrugy güýjüni ýitiren diýip yglan etdi.
Saglygy goraýyş ministrliginiň ozal kabul edilen ýokarda agzalan resminamalaryň güýjüni ýitiren diýip ykrar etmek baradaky 461 belgili buýrugy 2023-nji ýylyň 20-nji sentýabrynda kabul edildi we Türkmenistanyň Adalat ministrligi tarapyndan 2023-nji ýylyň 13-nji oktýabrynda 1740 belgide hasaba alyndy.


20.06.2026 12:08
7.6k+

Saç dökülmä garşy täze derman synaga gatnaşanlaryň 80%-ine kömek etdi

Adamzada saç dökülmä eltýän köp sebäpler mälim bolsa-da, bu ýagdaýa garşy netijeli serişdeler gynansak-da, örän az. Geçirilen täze kliniki barlaglaryň dowamynda «VDPHL01» diýlip atlandyrylýan gerdejik......

15.06.2026 12:32
5.8k+

Tomsuň jöwzasynda özüňi goramagyň düzgünleri: türkmen lukmanlarynyň maslahatlary

Tomus möwsümi saglyga aýratyn üns berilmegini talap edýär. Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Saglygy goraýşyň habarlar merkezi tomus möwsümini howpsuz geçirmegiň düzgünlerini......

09.06.2026 23:14
7.7k+

Meşhurlaryň halap geýýän köwşi aýaklarda mesele döredip biler

Lukmanlar «baletka» diýlip atlandyrylýan aýakgaplary uzak wagtlap geýmegiň saglyk üçin howpludygyny duýdurýarlar. Olaryň bellemegine görä, şeýle aýakgaplar dowamly agyrylara we aýagyň şekiliniň üýtgemegine......

08.06.2026 07:29
3.4k+

BSGG Afrikada Ebola garşy göreşmek üçin 518 mln dollar gönükdirer

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy (BSGG) we Afrikanyň keselleri gözegçilikde saklamak we öňüni almak merkezleri Afrikada Ebola gyzzyrmasynyň ýaýramagyna garşy göreşmek üçin 518 million dollarlyk alty aýlyk......