Arkadag şäherindäki dermanhanalar gije-gündiz işleýär

  • 19.10.2023 16:59
  • 14k+

Arkadag şäherinde dermanhanalar ilata gije-gündiziň dowamynda arakesmesiz we dynç günsüz hyzmat edýärler. Bu barada «Arkadag» gazetinde habar berilýär.

Täze şäherdäki dermanhanalarda ýurdumyzda öndürilýän we daşary ýurtlaryň öňdebaryjy önüm öndürijileriniň köp görnüşli derman serişdeleri, bereketli türkmen topragynda bitýän dermanlyk ösümlikleri elýeterli bahalardan müşderilere hödürlenýär. Olaryň hatarynda dermannama boýunça, 50 göterim ýeňillikli, mugt goýberilýän derman serişdeleri hem bar. Baş dermanhana birleşiginiň garamagyndaky bu dermanhanalarda ilata hödürlenýän derman serişdeleri dünýä standartlaryna doly laýyk gelýär. Dermanhanalaryň bir gatly binalarynda müşderiler üçin niýetlenen giň we oňaýly söwda zaly, derman serişdeleriniň bölümleri, ammar jaýy göz öňünde tutulypdyr.
Satyn alnan harytlar üçin nagt we nagt däl görnüşinde hasaplaşyklary geçirip bolýar.


20.06.2026 12:08
7.6k+

Saç dökülmä garşy täze derman synaga gatnaşanlaryň 80%-ine kömek etdi

Adamzada saç dökülmä eltýän köp sebäpler mälim bolsa-da, bu ýagdaýa garşy netijeli serişdeler gynansak-da, örän az. Geçirilen täze kliniki barlaglaryň dowamynda «VDPHL01» diýlip atlandyrylýan gerdejik......

15.06.2026 12:32
5.8k+

Tomsuň jöwzasynda özüňi goramagyň düzgünleri: türkmen lukmanlarynyň maslahatlary

Tomus möwsümi saglyga aýratyn üns berilmegini talap edýär. Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Saglygy goraýşyň habarlar merkezi tomus möwsümini howpsuz geçirmegiň düzgünlerini......

09.06.2026 23:14
7.7k+

Meşhurlaryň halap geýýän köwşi aýaklarda mesele döredip biler

Lukmanlar «baletka» diýlip atlandyrylýan aýakgaplary uzak wagtlap geýmegiň saglyk üçin howpludygyny duýdurýarlar. Olaryň bellemegine görä, şeýle aýakgaplar dowamly agyrylara we aýagyň şekiliniň üýtgemegine......

08.06.2026 07:29
3.4k+

BSGG Afrikada Ebola garşy göreşmek üçin 518 mln dollar gönükdirer

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy (BSGG) we Afrikanyň keselleri gözegçilikde saklamak we öňüni almak merkezleri Afrikada Ebola gyzzyrmasynyň ýaýramagyna garşy göreşmek üçin 518 million dollarlyk alty aýlyk......