Türkmen halkynyň Milli Lideri Türkmenistanyň daşky gurşaw syýasatynyň esasy ugurlary barada aýtdy

  • 18.10.2023 17:39
  • 5.1k+

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Pekindäki «Bir guşak, bir ýol» Üçünji ýokary derejeli maslahatynyň çäklerindäki Özara baglanyşyk boýunça ýokary derejeli maslahatda eden çykyşynda Türkmenistanyň daşky gurşaw syýasatynyň esasy ugurlary barada aýtdy.

Gurbanguly Berdimuhamedowyň bellemegine görä, önümçilik işiniň we daşky gurşawy goramagyň arasynda deňagramlylygy gazanmak, ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmek Türkmenistanyň halkara hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan wezipeleriniň biri bolup durýar.

«Biziň «Ýaşyl Ýüpek ýola» düşünişimiziň many-mazmuny şuňa esaslanýar. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň ýöriteleşdirilen düzümi – howanyň üýtgemegi bilen bagly tehnologiýalar boýunça Sebit merkezini döretmek baradaky teklibini oýlanyşykly we öz wagtynda ädilen ädim hasaplaýarys» diýip, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow belledi.

Türkmen halkynyň Milli Lideriniň belleýşi ýaly, Merkeziň işlemegi üçin ýurdumyzyň paýtagtynda – Aşgabat şäherinde ähli zerur bolan tehniki we guramaçylyk şertlerini hödürlemäge taýýardyrys. 
Şeýle hem Gurbanguly Berdimuhamedow kömürturşy gazynyň we metanyň  atmosfera zyňyndylarynyň ýaramaz netijelerini azaltmak we aradan aýyrmak hem Türkmenistanyň ekologiýa strategiýasynyň möhüm bölegi bolup durýandygyny aýtdy.
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň aýtmagyna görä, gürrüň, ilkinji nobatda, aýratyn hem energetika, senagat we ulag ulgamlarynda ekologiýa taýdan arassa we serişdeleri tygşytlaýjy döwrebap tehnologiýalary ornaşdyrmaga we ulanmaga tapgyrlaýyn geçmek barada barýar. Şeýle hem Gurbanguly Berdimuhamedow Aşgabadyň wodorod energiýasy pudagynda halkara hyzmatdaşlygyny işjeň alyp barýandygyny hem belläp geçdi.

«Türkmenistanyň bu ädimlerini hyzmatdaşlygyň «ýaşyl geçelgelerini» döretmäge möhüm goşant, şol sanda «Beýik Ýüpek ýoluny dikeltmek» we «Bir guşak, bir ýol» strategiýalarynyň çäklerinde uly iş hasaplaýarys» diýip, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow belledi.


düýn 22:55
213

Geçen hepde biržada geleşikleriň jemi bahasy 11 mln 375 müň ABŞ dollaryna deň boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 17-si hasaba alyndy. Bu barada TDH habar berýär....

06.05.2026 20:34
9.9k+

Zaha Hadid Architects kompaniýasynyň wekilleri «Ak şäherim Aşgabat 2026» forumyna gatnaşar

Zaha Hadid Architects binagärlik býurosynyň wekilleriniň 24-25-nji maýda Türkmenistanyň paýtagtynda geçiriljek «Ak şäherim Aşgabat 2026» XXV halkara sergisine we maslahatyna gatnaşmagyna garaşylýar. Bu barada......

03.05.2026 15:54
2.5k+

Türkmenistanyň ilçisi Türkiýäniň Palatalar we biržalar birleşiginiň ýolbaşçysy bilen duşuşdy

1-nji maýda Türkmenistanyň Türkiýedäki ilçisi Mekan Işangulyýew Türkiýe Respublikasynyň Palatalar we biržalar birleşiginiň başlygy Rifat Hisarjyklyoglu bilen duşuşyk geçirdi. Taraplar söwda-ykdysady......

03.05.2026 12:23
8.1k+

Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherinde metjidiň we muzeýiň gurluşygy bilen tanyşdy

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow 2-nji maýda Arkadag şäherine baryp, gurluşygyň ikinji tapgyrynyň çäklerinde gurulmagy meýilleşdirilýän we gurluşygy alnyp barylýan desgalaryň......