Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň gatnaşýan ulag-aragatnaşyk taslamalary barada belläp geçdi

  • 18.10.2023 17:36
  • 10k+

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Pekindäki «Bir guşak, bir ýol» Üçünji ýokary derejeli maslahatynyň çäklerindäki Özara baglanyşyk boýunça ýokary derejeli maslahatda eden çykyşynda Türkmenistanyň gatnaşýan ulag-aragatnaşyk taslamalary barada belläp geçdi.

Gurbanguly Berdimuhamedow häzirki wagtda Türkmenistanyň hyzmatdaşlary bilen bilelikde Gündogar-Günbatar we Demirgazyk - Günorta ugurlary boýunça utgaşykly görnüşdäki ulag we logistika düzüminiň köp şahaly ulgamyny döredýändigini aýtdy.
Türkmen halkynyň Milli Lideriniň aýtmagyna görä, geljekde bu ulgam Hazar deňzi, Gara deňiz, Baltika deňzi sebitlerine çykýan üstaşyr geçelgeleri özüne birleşdirer. «Munuň özi Türkmenistanda ulag we kommunikasiýa ulgamlarynda iri milli taslamalary durmuşa geçirmek, Hazar deňzinde täze port infrastrukturasyny döretmek bilen baglylykda örän derwaýysdyr» diýip, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy nygtady.
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow gürrüňiň Hytaýdan Merkezi Aziýanyň çäginiň üsti bilen Hazaryň türkmen kenaryna, şeýle hem Eýrana, Ýakyn we Orta Gündogara ulag geçelgeleri barada barýandygyny belledi.
Gurbanguly Berdimuhamedowyň bellemegine görä, bu geçelge Aziýa-Ýuwaş ummany sebitine, Merkezi Aziýa ýurtlaryna barýan ugurlarda hem ulanylyp bilner.

«Biziň tagallalarymyz ulaglaryň ähli görnüşleri, şol sanda demir we awtomobil ýollary, howa gatnawlary arkaly transkontinental daşamalaryň kuwwatyny doly açmaga, baglanyşdyryjy nokatlarda logistiki terminallary döretmäge gönükdirilendir. Türkmenbaşy Halkara deňiz porty hem şolaryň biri bolup biler. Biz hyzmatdaşlaryň bähbitlerine ulanmak üçin onuň kuwwatlyklaryny hödürlemäge taýýardyrys» diýip, Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy.


düýn 19:01
953

Aşgabatda sanly söwdany we elektron täjirçiligi ösdürmegiň strategiýasy maslahatlaşyldy

11-nji we 12-nji maýda Aşgabatda Halkara söwda merkeziniň (HSM) sanly söwdany we elektron täjirçiligi düzgünleşdirmäge bagyşlanan iki okuw maslahaty geçirildi....

12.05.2026 20:41
12k+

ABŞ-nyň awtoulag senagaty Trampdan bazary hytaý awtoulaglaryna açmazlygy soraýar

Amerikan awtoulag öndürijileri, üpjün edijileri, polat guýujy kompaniýalary, kärdeşler arkalaşyklary we kanun çykaryjylar ABŞ-nyň prezidenti Donald Trampy ABŞ bazarynyň hytaý awtoulaglary üçin açylmagyna ýol......

11.05.2026 22:55
1k+

Geçen hepde biržada geleşikleriň jemi bahasy 11 mln 375 müň ABŞ dollaryna deň boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 17-si hasaba alyndy. Bu barada TDH habar berýär....

11.05.2026 15:51
5.8k+

Wýetnam 16 milliard dollarlyk täze mega howa menzilini gurýar

Wýetnam dünýäde iň uly infrastruktura taslamalarynyň birini - 16 milliard dollarlyk Longthan mega howa menziliniň gurluşygyny durmuşa geçirmäge başlady....