Türkmenistanda RF-niň Tatarystan Respublikasynyň Medeniýet günleri geçirilýär

  • 18.10.2023 12:32
  • 3.3k+

17-nji oktýabrda Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Türkmenistandaky Medeniýet günleriniň açylyş dabarasy boldy.

Giň gerimli dabaranyň çäginde döredijilik çäreleri, şol sanda sungat ussatlarynyň konserti, tatar senetçileriniň däp bolan çeper sergisi, şeýle hem Tatarystan Respublikasynyň ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizilen taryhy-medeni ýadygärliklerine bagyşlanan surat sergisi guraldy.
Türkmenistanda Tatarystan Respublikasynyň Medeniýet günlerine uly gyzyklanma bildirilýändigine Mukamlar köşgünde geçirilen çärä köp sanly adamlaryň gatnaşmagy hem şaýatlyk edýär. Bu ýere medeniýet ulgamynyň ýolbaşçylary, Türkmenistandaky diplomatik wekilhanalaryň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, döredijilik işgärleri, paýtagtymyzyň ýaşlary we doganlyk tatar halkynyň sungatynyň muşdaklary ýygnandylar. Myhman wekiliýetiň düzüminde medeniýet ulgamynyň ýolbaşçylarydyr wekilleri, Tatarystan Respublikasynyň döwlet edaralarynyň işgärleri bar.
Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň medeniýet ministri Irada Aýupowanyň döredijilik çäresiniň açylyş dabarasyndaky çykyşynda bu sungat baýramçylygynyň däp bolan dostluk we hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny berkitmäge gönükdirilen türkmen-rus ynsanperwer dialogyny pugtalandyrmakdaky ähmiýeti nygtaldy.
Çäräniň dabaraly bölümi tamamlanandan soňra Tatarystan Respublikasynyň aýdymçylarynyň, meşhur döredijilik toparlarynyň gatnaşmaklarynda giň gerimli konsert ýaýbaňlandyryldy. Baýramçylyk konserti Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Döwlet halk sazlary ansamblynyň «Milli äheň» atly aýdymly we tansly kompozisiýasy bilen açyldy. Artistler sazyň, aýdymdyr tansyň bitewi sazlaşygy arkaly tomaşaçylara tatar halkynyň milli ruhuny açyp görkezdiler.
Tatarystan Respublikasynyň halk we at gazanan artistleriniň ýerine ýetirmeklerinde ýaňlanan «Nar agajy» atly türkmen halk aýdymy tomaşaçylaryň şowhunly el çarpyşmalary bilen garşylanyldy. Döwlet halk sazlary ansamblynyň ýerine ýetiren gadymy türkmen küştdepdi tansy dabaranyň iň şowhunly çykyşlarynyň birine öwrüldi.
«Premýer» aýdymçylar toparynyň «Bedew» atly kapellasynyň şirin mukamy we täsirli sözleri ähli diňleýjilerde ýakymly duýgulary oýardy. Konsert milli tatar sungatynyň giň mümkinçiliklerini şöhlelendirýän çykyşlaryň köpdürlüligi bilen tapawutlandy. Onuň maksatnamasy tatar halkynyň milli däp-dessurlaryny açyp görkezýän ajaýyp saz eserlerinden, özboluşly aýdym, tans, halk döredijilik çykyşlaryndan ybarat boldy.
Tatar sungat işgärleri tomaşaçylara özleriniň ussatlyklaryny we ýürekleriniň joşgunyny görkezdiler. Olaryň çykyşlary şowhun bilen garşy alyndy. Döwrebap tehnologiýalaryň peýdalanylmagy bolsa baýramçylyk çykyşlaryna özboluşly öwüşgin çaýdy. Mukamlar köşgüniň eýwanynda ýaýbaňlandyrylan tatar amaly-haşam sungatynyň ussatlarynyň eserleriniň, Tatarystan Respublikasynyň ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizilen taryhy-medeni ýadygärlikleriniň fotosuratlarynyň sergisi dabara aýratyn bezeg berdi.
Bu ýerde häzirki zaman senetçileriniň işleri, şol sanda milli lybaslaryň zerli keşdeleri, zergärler tarapyndan taýýarlanan nepis şaý-sepler, neçjarlaryň eserleri, kalligrafiýa sungaty, derä çekilen şekiller, milli nagyşlar görkezildi. Häzirki döwürde bu senetler okgunly ösüş ýoluna düşdi. Halk senetçileri milli nagyşlary we däp bolan usullary peýdalanmak bilen, döwrüň ruhuna gabat gelýän sungat eserlerini döredýärler hem-de olary nesilden-nesle geçirýärler.
Sergä gatnaşyjylar diňe sergide ýerleşdirilen özboluşly eserlere baha bermek bilen çäklenmän, eýsem, olary taýýarlamagyň usullary bilen tanyşmaga hem mümkinçilik aldylar. Bu ýerde ýaýbaňlandyrylan şekillendiriş sungaty eserleriniň, Tatarystanyň häzirki döwürde gazananlaryna, taryhyna, onuň paýtagty Kazana — Ýewropanyň we Aziýanyň serhedinde ýerleşýän gadymy şähere bagyşlanan fotosuratlaryň sergisi gözden geçirilişiň üstüni ýetirdi.
18-nji oktýabrda Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Medeniýet günleri iki şäherde — Aşgabat we Mary şäherlerinde dowam eder. Dostlukly ýurduň sungat işgärleri Kemine adyndaky döwlet drama teatrynda çykyş ederler hem-de Mary welaýatynyň tomaşaçylaryna Tatarystanyň sungat ussatlarynyň konsertini hödürlärler.
Şu gün paýtagtymyzda ýerleşýän Şekillendiriş sungaty muzeýinde «Halkyň çeper döredijiligini we senetçiligini gorap saklamak, dikeltmek we ösdürmek» atly “tegelek stol” duşuşygy guralar. Festiwalyň maksatnamasyna laýyklykda, «Aşgabat» kinoteatrynda Türkmenistanyň hem-de Tatarystanyň kinematograflarynyň duşuşygyny geçirmek göz öňünde tutulýar. Şeýle-de «Ibn Fadlan» we «Tarlan» kinofilmleriniň görkezilişi bolar.
Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Medeniýet günleri 19-njy oktýabrda Mukamlar köşgünde iki ýurduň medeniýet we sungat ussatlarynyň gatnaşmaklarynda dostluk konserti bilen tamamlanar. Şeýle hem jemleýji günüň medeni maksatnamasy Türkmen halysynyň milli muzeýine gezelenji, «Aşgabat» kinoteatrynda «Isenmesez» atly çeper filmiň görkezilişini öz içine alar.


düýn 13:05
2.3k+

Türkmenistanyň Döwlet sirki baýramçylyk şüweleňine çagyrýar

Türkmenistanyň Döwlet sirki hakyky baýramçylyk ruhuny wada berýär. Tomaşaçylar üçin ýönekeý bir çykyşlar däl, eýsem milli öwüşginli we halkara derejeli uly şüweleň garaşýar. Märekäniň öňünde dürli žanrlaryň ussatlary, şeýle hem dürli ýurtlaryň sirk däplerini görkezýän haýwanlar çykyş eder...

düýn 12:44
626

«Arkadagly Ýaşlar» elektron žurnalynyň 2026-njy ýyldaky ilkinji sany çykdy

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň ýanyndaky «Arkadagly Ýaşlar» elektron žurnalynyň 2026-njy ýyldaky ilkinji sany okyjylara gowuşdy. Neşir «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» şygary astynda geçýän ýylyň ilkinji aýynyň wakalaryny beýan edýär...

düýn 02:37
4.5k+

Gurbanguly Berdimuhamedow atşynaslar barada çeper film surata düşürmegi teklip etdi

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow 4-nji fewralda Görogly adyndaky Döwlet atçylyk sirkine baranynda ol ýerde iş maslahatyny geçirdi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi...

düýn 02:19
4.3k+

Gurbanguly Berdimuhamedow «Galkynyş» toparyna ahalteke bedewini sowgat etdi

4-nji fewralda Görogly adyndaky Döwlet atçylyk sirkine amala aşyran saparynyň dowamynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow «Garaşsyz» atly ahalteke bedewine atlanyp, manežiň aýlawynda öwrüm etdi...