Türkmen ýaş alymlary ylmyň geljegi uly ugurlary boýunça iş alyp barýarlar

  • 15.10.2023 15:13
  • 8.4k+

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Tehnologiýalar merkezinde geçirilen «Saglygy goraýyş, bilim we sport Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe» atly halkara ylmy maslahatynyň XIII bölüminde eden çykyşlary «Ýaş alymlaryň ylmyň ösüşindäki roly» ýaşlaryň gözleg gyzyklanmalarynyň ylmyň geljegi uly ugurlary bilen baglanyşyklydygyny görkezdi.

Çykyş edenler tarapyndan hödürlenen gözleg işleri energiýa, maglumat we aragatnaşyk ulgamlary, saglygy goraýyş, dürli ugurlaryň sanlylaşdyrylmagy, daşky gurşaw meselelerini çözmek we şuňa meňzeşler boldy.
«Ýaşyl» energiýany ösdürmegiň amaly taraplaryna «Fotoelektrik gün stansiýalarynyň taslamalaryny ösdürmegiň usulyýeti» mowzugynda Aganyýaz Jumaýewiň we Begenç Reýimowyň eden çykyşy Türkmenistanda ýel energiýasy stansiýalary ýerleşdireniňde innowasion tehnologiýalaryň ähmiýeti barada boldy. Kakageldi Saryýew çykyşyny gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri elektrik toruna birikdirende sanly ulgamyň ulanylmagyna bagyşlady.
Maslahata gatnaşan Türkmenistanyň we daşary ýurtly alymlaryň gyzyklanmasy Halmyrat Orunbaýewiň «Uglerod nanoturbajyklaryny sintez etmegiň usullary we aýratynlyklary» we Nasiba Çarygulyýewanyň «Suwaryş suwuny tygşytlamak we ösümlikleriň biogoraglylygy üçin nanomateriallary almak we ulanmak» mowzugyndaky çykyşlary bilen ýüze çykdy. Azady Atabaýewiň, Meretdurdy Gurbanýazowyň we Şöhrat Atamanowyň çykyşlary ylmy nukdaýnazardan möhüm we iş ýüzünde ähmiýetli boldy.
Türkmenistanyň ýaş alymlary lukmançylykda, gurluşykda, senagat önümçiliginde, awiasiýada we kosmos apparatlarynyň döredilmeginde ulanylýan nanotehnologiýa ýaly geljegi uly ylym pudagynyň ösmegine goşant goşmaga çalyşýarlar diýip, «Türkmenistan: Altyn asyr» elektron neşiri habar berdi.


düýn 20:00
758

Atoma we aýnalara esaslanan ilkinji dolulygyna awtonom kwant sagatlary döredildi

Alymlar daşky utgaşdyrmasyz wagty ölçemäge ukyply bolan, ilkinji dolulygyna awtonom kwant sagadynyň nazary modelini işläp düzdüler....

düýn 17:07
667

Elektromagnit impulslary deňiz jandarlarynyň ömrüni uzaltmaga kömek etdi

Gysga wagtlyk elektrik impulslarynyň yzygiderli täsir etdirilmegi deňiz jandarlary bolan assidiýalaryň saglygynyň uzak wagtlap gowulanmagyna we olaryň ömrüniň ep-esli uzalmagyna getirýär. Amerikaly alymlaryň......

04.06.2026 19:55
5.6k+

Günde bolup geçen ýokary derejeli X partlamasy Ýerde magnit tupanlaryny güýçlendirer

3-nji iýunda Günde birnäçe güýçli partlama bolup gecdi, şondan soň birnäçe plazma buludy Ýere tarap ugur aldy. Alymlar olaryň özara täsiriniň planetanyň magnitosferasyna güýçli täsir edip biljekdigini......

04.06.2026 18:07
6.8k+

Özbegistanda tapylan gadymy çaga kelleçanagynda operasiýa yzy ýüze çykaryldy

Özbegistanly we italiýaly alymlar gadymy gonamçylykda kelleçanagy deşilen bäş ýaşly çaganyň galyndylaryny tapdylar. Barlagçylar bu operasiýany Merkezi Aziýanyň çäginde mälim bolan iň gadymy, şeýle-de tutuş......