«Аtalyk gurluşyk» HK Daşoguzda täze ýaşaýyş jaýlaryny gurýar

  • 15.10.2023 15:07
  • 15k+

Daşoguz şäheriniň merkezi böleginde «Аtalyk gurluşyk» hususy kärhanasynyň hünärmenleri ýedi gatly kaşaň ýaşaýyş jaýlaryndan ybarat täze ýaşaýyş jaý toplumyny gurýarlar. Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr» neşiri habar berýär.

Ol Zaman köçesiniň ugrunda umumy meýdany ýedi gektardan gowrak bolan meýdanda ýerleşýär. Indi bu ýerde 56 öýli iki jaýyň diwarlary gurulýar we hersi 42 öýli ýene üç binanyň düýbüni tutmak işleri alnyp barylýar.
Täze meýdanda dürli göwrümli we dürli girelgelerden ybarat ýedi gatly binalar bolar, olaryň iň ulusy 84 öý üçin niýetlenendir. Gurluşygyň dowamynda ýerlerden tygşytly peýdalanmak, daşky gurşawy goramak, zerur ýol we ulag infrastrukturasynyň bolmagy we beýlekiler göz öňünde tutulypdyr.
Gurulýan jaýlar sebitiň binagärlik görnüşine sazlaşykly laýyk geler, olaryň dizaýny şäher gurluşygynda birmeňzeşligiň öňüni alar.
Täze binalaryň häzirki zaman şäher meýilnamalaşdyryş talaplaryna laýyk gelmegi, olaryň içindäki ähli otaglarynyň amatly ýerleşişine eýe bolmagy bilen subut edilýär. Gurulýan jaýlarda aýnaly balkonlar, dürli maksatly goşmaça otaglar, ýolagçy liftleri, zibil otaglary, girelgelerindäki domofonlar we beýlekiler ýaşaýjylar üçin amatly ýaşaýyş şertlerini döredýär. Täze binalara ýanaşyk ýer tutuşlygyna abadanlaşdyrylar we yşyklandyrylar.


05.06.2026 17:31
1.6k+

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......

05.06.2026 15:39
2.4k+

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......

04.06.2026 16:07
3.3k+

Aşgabatda TurkmenTextile Expo — 2026 halkara sergi-ýarmarkasy açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «TurkmenTextile Expo — 2026» atly halkara sergi-ýarmarkasy öz işine başlady. Bu sergi dokma senagatynyň gazananlaryny görkezmek, işewürlik hyzmatdaşlygyny......

04.06.2026 12:34
5.1k+

Türkmenistanda bugdaý oragyna badalga berildi

Türkmenistanda oba hojalyk pudagy üçin möhüm tapgyry alamatlandyrýan 2026-njy ýylyň bugdaý oragy möwsümine badalga berildi. Bu barada TDH habar berýär....